SIZDEN GELENLER

8-nji Mart – Halkara gelin-gyzlaryň güni

Zenan diýlende, ilki bilen ahlak taýdan arassa, merdem, parasatly, ojak eýeleri göz öňüňde janlanýar. Zenanlar ýöne ýerden bahar paslynyň ýazlaryna deňelenok. Bu pasla mahsus ähli ajaýyplyklar mährem gelin-gyzlaryň häsiýetlerinde jemlenýär. Olaryň gülden görkli nurana ýüzleri, jana ýakymly şirin sözleri, melhem ýaly mylaýym elleri umuman, tebigatyň ähli gözelliklerini olaryň päkize gözlerinden görmek bolýar. Biz dünýäde bar bolan mukaddeslikleriň ählisini zenanlarymyza deňeýäris. Çünki diňe zenanlar mukaddesliklere deňelmäge mynasypdyrlar.

Häzirki wagtda ahlak gözelliginiň ajaýyp nusgasyna öwrülen türkmen gelin-gyzlarymyza goýulýan sarpa ata-baba ýörelgelerimizden  gözbaş alýar. Gözelligiň, asyllylygyň, päkligiň ýeketäk nusgasy bolup durýan gelin-gyzlarymyzyň döredýän täsin sungaty dünýä ýüzüni haýrana goýýar. Olaryň yhlasyndan kemala gelen nepis halylarymyz, el işlerimiz, milli lybaslarymyz dünýäniň islendik künjeginde ýokary baha mynasyp bolýar.

Kämil derejä ýetirilen däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirmek bilen, ýurdumyzy kuwwatly döwlete öwürmek ugrunda özleriniň saldamly goşandyny goşýan zenanlarymyzyň baýramçylygy her ýylyň “8-nji Marty – Halkara gelin-gyzlaryň güni” hökmünde dünýäniň ähli sebitlerinde halkara derejesinde giňden bellenilip geçirilýär. Ynha, bu baýramçylyk gününde Türkmenistanyň Zenanlar bileleşiginiň guramagynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dürli çäreler alnyp barylýar. Mährem zenanlarymyzyň waspy aýdym-sazdyr, goşgularyň üsti bilen guralýan dabaralarda, döredijilik bäsleşiklerinde, sergidir ylmy maslahatlarda, wagyz-ediş-bilim beriş çärelerinde özüniň mynasyp ornuny tapýar. Tutuş halkymyzyň, aýratyn hem eziz enelerimiziň, mähriban gelin-gyzlarymyzyň kalbyny şatlyk-joşguna besleýän bu çäreler agzybirligimizi has-da pugtalandyryp, Garaşsyz Watanymyza bolan buýsanjymyzy artdyrýar we olaryň ata Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmagyna uly itergi berýär.

Goý, ata Watanymyzyň şan-şöhratynyň barha artýan döwründe halkymyzy jebisleşdirýän, belent sepgitlere ruhlandyrýan güler ýüzli mähriban enelerimiziň, kalby derýa kimin joşgunly gelin-gyzlarymyzyň mertebesi hemişe belent bolsun! Zenanlarymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de mynasyp zähmet çekmegi ugrunda bimöçber aladalar edýän Mähriban Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Mergen ATAJANOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnşyklary institutynyň

Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby

 

Köp çagaly enelere “Ene mähri” hormatly ady dakyldy

 

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika