TEHNOLOGIÝA

8 dile terjime edip bilýän örtük

Ýaponiýanyň “Donut Robotics” atly tehnologiýa kompaniýasy 8 dile terjime edip bilýän agyz-burun örtügüni öndürdi. “Bluetooth” ulgamy arkaly telefona birikdirilýän örtük ​​hytaý, koreý, wýetnam, indoneziýa, iňlis we ispan dillerine terjime etmek mümkinçiligine eýedir.

Dünýäde giňden ýaýran täze görnüşli koronawirus pandemiýasy sebäpli gündelik durmuşda köp zatlar üýtgedi. Olayrň biri hem adamlar gündelik durmuşda agyz-burun örtüginden peýdalanýarlar. Ýapon kompaniýasy uzak wagtlap adamlaryň durmuşda galjak bu agyz-burun örtügüne özboluşly aýratynlyk goşdy. Oňa terjime etmek ukybyny berdi.

Kompaniýanyň ýolbaşçylary “C – Face” atly örtügüniň ulanyjylary üçin diňe bir gorag serişdesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem olaryň aragatnaşygyny ýeňilleşdirmek üçin hem peýdaly boljakdygyny belleýärler.

“Akylly” telefondaky programma “Bluetooth” ulgamy arkaly birikdirilip, örtügiň eýesiniň aýdan sözlerini ýatda saklap, ony sekiz dile terjime edýär.

Örtügiň öň tarapynda deşijekleriň bardygy sebäpli ony adaty agyz-burun örtügünden soňra dakynmaly. Ak plastmassadan we silikondan ýasalan örtügiň hytaý, koreý, wýetnam, indoneziýa, iňlis, ispan hem-de fransuz dillerine terjime etmek ukybyna eýedigi bellenildi.

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýada kiçi çagalar üçin sosial torlary gadagan etmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar

Ata Watan Eserleri

“TikTok” ABŞ-daky aktiwlerini satmak boýunça ylalaşyk baglaşdy

Hytaýda ýol polisiýa işgärleri emeli aň äýnekleri ulanyp başlady

Dubaýda sürüjisiz taksiler synag tertibinde işläp başlady

Ata Watan Eserleri

Hytaýda ilkinji emeli aňly ýol gözegçisi işe girizdi

Belarus 2029-2030-njy ýyla çenli raýat uçaryny döretmegi meýilleşdirýär