BIZNES

6 ýylda 100 firma satyn aldy

“Apple” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tim Kuk soňky 6 ýylda takmynan 100 sany kompaniýany satyn alandygyny habar berdi. “BBC” habar teleýaýlymynyň habaryna görä, Tim Kuk kompaniýanyň ýyllyk paýdarlar ýygnagynda maliýe gurluşy barada maglumat berdi.

Ýygnakda kompaniýanyň ýolbaşçysy soňky 6 ýylda ortaça her 3-4 hepdede bir kompaniýany satyn alýandygyny aýdyp geçdi. Tim Kuk satyn alýan firmalarynyň, esasan hem tehnologiýa we intellekt ugruna gönükdirilendigini nygtaýar. “Apple” kompaniýasynyň soňky 10 ýylda iň uly satyn alan kompaniýasy “Beats Electronics”  bolup durýar. Onuň bahasy 3 milliard dollardan ybaratdyr.

2018-nji ýylda bolsa “Apple” kompaniýasy ýene bir uly kompaniýany satyn alýar. Bu “Shazam” aýdym-saz tanamak programma üpjünçilik kompaniýasy bolup durýar. Onuň bahasy 400 million dollara barabardyr.

Adatça “Apple” kompaniýasy tehnologiýa kompaniýalaryny satyn alýar we ol ýere öz önümlerini ornaşdyrýar. 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde kompaniýa takmynan 111,4 milliard dollar girdeji gazanmagy başardy. Şeýle hem bu kompaniýa “Brand Finans” atly halkara markasyna baha beriş guramasy tarapyndan dünýäniň iň gymmat markasy diýlip yglan edildi.

 

Bahar Annaýewa: Aýdym-saz durmuşymyň bir bölegi

 

 

Ýene-de okaň

Ýewropa Bileleşigi bilen Hindistan erkin söwda barada ylalaşyk gazandy

Täjigistanyň ykdysady ösüşi 8,4 göterime deň boldy

“Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasy taýýarlandy

Türkmenistan Belgradda geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä sergisine gatnaşar

Ankaranyň Söwda-senagat palatasynda duşuşyk geçirildi

Täjigistanyň Ilçisi Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri bilen duşuşdy