BILIM

5 sany uniwersitete ýörite dereje berildi

Gyrgyz Respublikasynyň 5 sany döwlet uniwersitetine ýörite dereje berildi. Bu barada degişli resminama Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow tarapyndan gol çekildi.

Ýokary okuw mekdepleriniň 5-sine berlen ýörite dereje uniwersitetlere okuw şertnamalaryny we işgärleriň zähmet haklaryny özleriniň düzmegine mümkinçilik berilýär. Uniwersitetleriň binasyny Döwlet emgäli gaznasynyň gatnaşmazlygy şertinde kärendesine berip bilerler. Mundan başga-da, ýokary bilim ojaklary 3 ýylyň dowamynda ähli barlaglardan we seljermelerden boşadylýar.

– Biz ýokary bilim edaralarynda geçirilýän bu özgertmeleriň uniwersitetlere ýokary hilli hünärmenleriň çekilmegine kömek etjekdigine ynanýarys. Ýörite derejeli 5 sany uniwersitet 5 ýylyň dowamynda dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň ilkinji 500-liginiň hataryna goşulmalydyr. Bu özgertmeler maksatnamasy rektorlara doly erkinlik bermeýär. Howandarlar geňeşi bolup, olaryň razylygy bilen çykdajylar amala aşyrylar – diýip, Gyrgyz Respublikasynyň bilim we ylym ministri Almazbek Beýşenaliýew habar berdi.

Şeýle hem ýurduň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, 1-nji sentýabra çenli Bişkek we Oş şäherlerindäki käbir döwlet uniwersitetleri birleşdiriler. Bu ýokary okuw mekdepleriniň tehniki binýadyny güýçlendirer, çykdajylary azaldar.

 

 

Meşhur režissýor ilkinji gezek şekilli aýdym surata düşürdi

Ýene-de okaň

Amerikada ýene bir mugt okuw :Fulbright Teaching Excellence and Achievement Programy

Ýyllyk kitap sergisi geçirildi

Täjigistan 12 ýyllyk bilim ulgamyna geçmegi meýilleşdirýär

Hususy kärhanalaryň işgärlerini tölegsiz iňlis dili okuwlaryna çagyrýarys!

Ata Watan Eserleri

Goranmak ministrliginiň harby okuw mekdeplerine 2026‑2027 okuw ýyly üçin kabul edişlik başlandy

Ýaş gyzlar üçin Amerikada gysga wagtlaýyn mugt okuw mümkinçiligi:TechGirls maksatnamasy