JEMGYÝET

31-nji awgustdaky howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 31-nji awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22… +24° maýyl, gündizine +36… +38° yssy bolar. Howanyň basyşy 736 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Arçabilde: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +21… +23° maýyl, gündizine +35… +37° yssy bolar. Howanyň basyşy 707 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Balkan welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22… +27° maýyl, gündizine +34… +39° yssy, kenarýaka etraplarynda +31… +36° maýyl bolar.

Türkmenbaşy şäherinde: howa +34… +36°, basyşy 749 mm, çyglylygy 25 — 45%.

Awazada: howa +32… +34°, basyşy 755 mm, çyglylygy 35 — 55%.

Balkanabat şäherinde: howa +37… +39°, basyşy 757 mm, çyglylygy 20 — 40%.

Ahal welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +20… +25° maýyl, gündizine +33… +38° yssy bolar.

Änew şäherinde: howa +36… +38°, basyşy 730 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Tejen şäherinde: howa +35… +37°, basyşy 736 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Mary welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +18… +23° maýyl, gündizine +33… +38° yssy bolar.

Mary şäherinde: howa +35… +37°, basyşy 736 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Baýramaly şäherinde: howa +34… +36°, basyşy 731 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Lebap welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +17… +22° maýyl, gündizine +32… +37° yssy bolar.

Türkmenabat şäherinde: howa +33… +35°, basyşy 737 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Kerki şäherinde: howa +35… +37°, basyşy 733 mm, çyglylygy 5 — 25%.

Daşoguz welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +16… +21°, gündizine +30… +35° maýyl bolar.

Daşoguz şäherinde: howa +32… +34°, basyşy 747 mm, çyglylygy 20 — 40%.

Köneürgenç şäherinde: howa +30… +32°, basyşy 744 mm, çyglylygy 25 — 45%.

 

 

Türkmen gawunlary Dubaýda satylar

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Ýusuf Azmun: täze kitap iňlis we türkmen dili üçin gymmatly gollanma

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

Gruziýa türkmen gazyny we nebitini üstaşyr geçirmekde goldaw bermäge taýýar

Türkmenistan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy