JEMGYÝET

28-nji iýuldaky howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 28-nji iýulda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Aş­ga­bat­da: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +25… +27° maýyl, gündizine +37… +39° yssy bolar. Howanyň basyşy 732 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Bal­kan we­la­ýa­tyn­da: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre, käýerlerinde 19 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +24… +29° maýyl, gündizine +34… +39° yssy, kenarýaka etraplarynda +29… +34° maýyl bolar.

Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de: howa +32… +34°, basyşy 746 mm, çyglylygy 40 — 60 %.

Awa­za­da: howa +31… +33°, basyşy 753 mm, çyglylygy 40 — 60 %.

Bal­ka­na­bat şä­he­rin­de: howa +36… +38°, basyşy 752 mm, çyglylygy 30 — 50 %.

Ahal we­la­ýa­tyn­da: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazykgündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +23… +28° maýyl, gündizine +35… +40° yssy bolar.

Änew şä­he­rin­de: howa +38… +40°, basyşy 733 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Te­jen şä­he­rin­de: howa +37… +39°, basyşy 737 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Ma­ry we­la­ýa­tyn­da: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22… +27° maýyl, gündizine +35… +40° yssy bolar.

Ma­ry şä­he­rin­de: howa +36… +38°, basyşy 733 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Baý­ra­ma­ly şä­he­rin­de: howa +37… +39°, basyşy 732 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Le­bap we­la­ýa­tyn­da: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre, käýerlerinde 16 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22… +27° maýyl, gündizine +36… +41° yssy bolar.

Türk­me­na­bat şä­he­rin­de: howa +36… +38°, basyşy 734 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Ker­ki şä­he­rin­de: howa +39… +41°, basyşy 727 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazykgündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22… +27° maýyl, gündizine +34… +39° yssy bolar.

Da­şo­guz şä­he­rin­de: howa +36… +38°, basyşy 747 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Kö­ne­ür­genç şä­he­rin­de: howa +35… +37°, basyşy 748 mm, çyglylygy 20 — 40 %.

 

Biometrik Pasport : Daşary ýurtlardaky raýatlarymyz üçin soraglara jogaplar

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen FAO guramasynyň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi

ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Goruň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy guralar

Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi