ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Nurmuhammet Nazarow: «Adamlara gülki paýlasym gelýär…»

Makalama şu sözbaşyny goýasym geldi. Sebäbi «Nuryşka» lakamy bilen tanalýan wäşi artist Nurmuhammet Nazarow: «Köplenç toýlarda, konsertlerde:

«Adamlara gülki paýlasym gelýär,

Adamlara şatlyk paýlasym gelýär,

Gülki hemrasynda mydam olary,

Bagt planetasyna aýlasym gelýär» diýen goşgy bendini kän gaýtalardy» diýip, ony ýakyndan tanaýan dosty gürrüň berdi. Ol hakykatdanam gülki üçin ýaradylan ýalydy. Şonuň üçin muşdaklary ony diňe gülki bilen ýatlaýarlar. Bir pursat ýadyma düşýä. Arada bazardan gaýdamda ýüküm agyr bolup taksa mündüm. Takside 70-80 ýaşlaryndaky daýza otyr. Bir-birimizi tanamasagam saglyk-amanlyk soraşdyk. Özümden beter gürrüňçil daýza eken. Ol:

— Oglumyň öýünden gelýän. Agtyklarymyň biri çeper okaýyş gurnagyna gatnaýa. Goşgy okamagy öwrenýä. Menem oňa manyly goşgulary okagyn. Täsirli okamagy öwren diýýän. Özüm-ä «Nuryşka» diýip gülküli gürrüňleri aýdýan oglan bardy, wah, aramyzdan ir gitdi-dä… Şo neressäň goşgy okaýşyny gowy görýän:

«Eneleri, sonalary aglatmaň!

(Agladaýsaň, öwülýakessin, kän gördüm)

Ir-u giç tutýar eken ahy, enäň oglanlar,

Sonaň oglanlar!

Olary ýerdäki Taňra deňäň, oglanlar» diýip, okan gowy goşgulary bar. Arhiw ýazgylaryny häzirem diňleýän — diýip gürrüň berdi. Oňa: — Daýza, Nuryşkaň  degişme gürrüňlerinem halaýaňyzmy? — diýip sowal berdim.

— Hawwala. Gülüp hezil edýän. «Gulamalyýew, çyk tagta» diýip, mugallymy okuwçysyna Lenin bilen Karl Marksyň suratyny görkezýär-de: — Kim şular, tanaýaňmy? — diýip soraýar welin, «Daňatar kel bolaýmasa, mugallym» diýip  tananok. Mugallymyň gahary gelip gündeligine ikilik goýjak bolsa-da gaýta: «Mugallym, menem bir zat sorasam bolýamy? Siz, Şüküri tanaýaňyzmy, Azymy tanaýaňyzmy?» diýip soraýar. Mugallymam «ýok» diýip jogap berýär welin, okuwçysy: «Sizem dostlarymy tanaňyzog-a, mugallym. Onda men siziň dostlaryňyzy nireden tanaýyn» diýýär —  diýip, onuň degişmelerini ýatlady. Içimden halk üçin bir iş bitirip bilseň unudanoklar. Esasy zat il-günüň kalbyndan orun almak. Nuryşka neressäniňem bakyýete göç edenine eslije ýyl bolandyr — diýip oýlandym. Öz ýanymdan onuň okan goşgularyny, degişmelerini ýatladym. Tötänden neressäni ýatladyk welin, sogabym bolar, şu hakynda-da ýatlama ýazaýyn-la — diýip, öýe gelemsoň, kärdeşim Atamyrat Şagula jaň etdim. Ol güldi-de: — Aý, Nuryşka neresse hakynda mende-hä, üýtgeşik aýdara gürrüň ýok. Ýogsa, iki gezek öýümize-de gelipdi, ýöne ol hakynda mirasgär Baýramgeldi Goçmyradow kitab-a ýazyp ýördi. Şoň telefon belgisini bereýin — diýdi. Bolýa-bolýa, ýöne, barybir sizde-de aýdara azda-kände ýatlama bardyr. Iki gezek öýüňizde myhman bolan bolsa, käbir pursatlar ýadyňyza düşer-le — diýip jogabyna garaşdym. Ol: — Telewiznýada işleýän wagtlarymdy. Mary welaýatynda «Hantama» diýen hususy kärhana Nuryşka ýeňil ulag sowgat beripdir. Birinji gezek şol ulagyny sürüp iş ýerime geldi. Şo mahallar ol teleýaýlymlarda degişme sahnalarda kän çykyş ederdi. Ol maňa: «Kim köp goşgyny ýatdan aýtmaşak» bäsleşigini gurasaňyz, menem gatnaşjak. Ýekeje adamdan (olam — Gurban Wehimi) başga kişini öňüme geçirmän ýeňiji bolaryn. Şondan galmagym ahmal, zyýany ýok, baş baýragy Gurban Wehimi alsa, menem yz ýanyndaky baýragy alaryn» diýdi. Onuň şol teklibini bitirip bilmedim, sebäbi ol meniň ugrum däldi. Ýöne öýümize myhmançylyga alyp gaýtdym. Ol: «Mary welaýat aragatnaşyk bölüminde gyzym işleýär. Şoňa jaň etseňiz ugrukdyrar, Mara gelseňiz myhmançylyga geliň!» diýdi. Onsoň öýüne-de bir gezek barypdyk. Soň ony Köşüde biri toýa çagyrypdyr. Şonda ol öýümize gelip: «Atamyrat, ýanym bilen bile gidäý, toýa barýan» diýdi. Menem oňa «Köşüde Baýram guýuçylaň toýuna gitmeli, şolaram toýa çagyrdy» diýdim. Asyl onuňam gelen toýy şo toý eken. Baýram guýuçy diýýänim Bagtyýarlyk etrap halk maslahatynyň agzasy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Baýram Orazgylyjow. Ol maňa-da toý çakylygyny beripdi. Şonda Nuryşkaň toýa gelenini eşidip gelen märekäni görsediň. Adamlar dik durlar. Nuryşkanyň aýratynlygy, märekäni özüne çekip bilýär. Mähelle bir gulaga öwrülip diňledi. Toýdan soň öýe gaýtdyk. Soň bilip galdym, asyl ol meni öwrenýän eken. Özüniň 4-nji audio ýazgysyny taýýarlapdyr. Deň-duş oglanlar ýazgyny getirip diňletdiler welin, gülüp hezil etdim. «Ýedigen» telegepleşigimize halypa mirasgär Ümür Eseni kän çagyrýardym. Hazyna ýaly adam, onda täsin gürrüňler kän. Gürrüňe bir başlansoň, gepleşigimiziň wagtynyň nädip soňlananyny bilmän galýardyk. Nuryşka şol pursady agzymyza öýkünip ýazgy edipdir welin, ikimiziňem suratymyzy çekipdir. Ümür aga: «Ynha, aýal maşgalalaram ýedi hili bolýar» diýip gözlerini ýumup, ellerini hereketlendirip, ähli aýdýan gürrüňlerini ýedilik bilen baglap gürrüň berip otyr. Gürrüňi gutaranok. Yz ýanyndanam başga gepleşige başlamaly. Men: «Ümür aga, indi şu ýerde gürrüňimizi jemläýeli! Wagtymyzam çäkli» diýýän welin gaýtam ol: «Atamyrat, jan, wagtyňam ýedi görnüşi bar. Säher çagy, guşluk çagy, günorta çagy, öýlän çagy, ikindi çagy, agşam çagy, ýassy çagy» diýip, gürrüňini dowam edip otyr. Şo pursady Nuryşkanyň bir özi şeýlebir beýan edipdir welin, gülmez ýaly däl. Aý, ol bir, Hudaý tarapyn berlen zehindi. Atda däde (mirasgär Atda Gurbangeldi) oňa: «Şo döwürde hakyky sözüni çekinmän aýdyp bilen ýeke-täk adam» diýerdi. Ol halkyň wawaly meselelerini liriki äheňde halka ýetirip bilen ussatdy — diýip ýatlady.

Il arasynda «Nuryşkaň goşgusy» diýilýän setirler aslynda bogun sany babatda-da, rifma sazlaşygy babatda-da goşgy düzüliş düzgünlerine-de laýyk gelenok. Emma ol aýdýan gürrüňlerini tebigy berlen zehini, ýognasdan gelen süýji labzy, mahmal ýaly owazy bilen obrazly bezäp şeýlebir aýdýar welin, öz ýoluny goýan bagşynyň aýdymy ýaly gulagyňda ýaňlanyp dur. Degişmeleri babatda onuň öz döreden degişmeleri hakynda söz ýok, hat-da öň aýdylan degişmeler bolanda-da, ony Nuryşka bolup aýdyp bilýäni üçin olar Nuryşkanyň degişmeleri bolup ýaşaýar. Ol şahyrlaryň goşgularynam ýatdan, özem her setiri tolgundyryp-tolgundyryp, duýga besläp aýdardy. Tanymal şahyrlaryň goşgusydygyny bilmeýänler «Nuryşkaň goşgusy» diýýärler. Goşgularynyň ölemen aşygy bolup ýören şahyrym Şähribossan Geldimämmedowanyň aýdym bolan şygry bar.

«Ykbal, saňa arzym bar,

Arzymy inkär etme!

Gör, kimlerde karzym bar,

Hernä bergidar etme!» diýip başlanýan şol goşgusyna köp diňleýjiler «Nuryşkaň goşgusy» diýýär. Ýogsa goşgynyň her setiri Şähribossanyň ýürek owazy bolup ýaňlanyp dur ahyry. Arhiw ýazgylarynda Nuryşkaň öz goşgularam bar.

«Halkym husnuň aýa-güne ogşadyp,

Tarypyňa bar zehinin bagş edip,

Gözden akan ýaşlaryny nagş edip,

Ýüreginde gaýma gaýan ogluň men…».

Ussat şahyrymyz Kerim aga goşgusynda:

«Söýgi hem goşgudyr. Kişä öýkünme,

Öz möhrüňi, öz közüňi goýup git» diýip sargyt edipdir. Nuryşka halkymyzy söýmekde-de, sungatda-da öz möhrüni goýup giden halypalaň biri — diýip onuň ýakyn dostlarynyň biri Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň işgäri, mirasgär, halypa mugallym Baýramgeldi Goçmyradowdan ol barada bilýänlerini gürrüň bermegini haýyş etdik. Ol: — Aýaly ärine ýüzlenip: — Kakasy, eger dünýä ikinji gezek gelseňem, maňa öýlenermiň? — diýip soraýar. Adamsy: — Ikinji gezek dünýä gelibem ýene saňa öýlenmeli bolsam, onda men-ä geljegem däl — diýýär. Şu degişmäni ozalam kän kişiniň aýdanyny bilýäs, ýöne Nuryşka aýdanda entek eşitmedik degişmämiz ýaly hökman ýylgyrdýar — diýip, onuň terjimehaly hakynda bilýän gürrüňleri bilen sözüni dowam etdi.

— Nurmuhammet Nazarow 1953-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň «Täze dünýä» daýhan birleşiginde (öňki ady Zähmet sowhozy) doglan. Türkmengala etrabyndaky 8-nji orta mekdepde, soňra Aşgabatdaky Gara Seýitliýew adyndaky medeni aň-bilim tehnikumynda aktýorçylyk hünärinden bilim alýar we tehnikumy tapawutlanan diplom bilen tamamlaýar. Biz olar bilen köne ýurdumyzda-da, täze göçüp baran obamyzda-da goňşy ýaşadyk. Şonuň üçin ol menden ýaşy ulurak bolsa-da bile tirkeşdik, dost bolduk. Onuň kakasy welaýatymyzda Ataçemçe diýip tanalýar. Adynyň yzyna çemçe lakamynyň goşulmagy, ol welaýatymyzda tal agaçdan çemçe ýasan ilkinji ussalaň biri. Hemem ol demirden pil, orak diýen ýaly zähmet gurallaryny ýasaýan tanymal ussady. Nuryşkaň ejesiniň ady Oguljahan. Maşgala agzalarynyň arasynda diňe Nuryşkanyň häsiýeti, keşbi Oguljahan ejä meňzeş. Ejesi märekesöýer, dilewar, şahandaz zenandy. Emma kakasy agras adamdy. Olaryň maşgalasynda jemi bäş oglan, iki gyz dogan bolup iň ululary Nurmuhammet —  Nuryşka, onsoň Ýazmuhammet, Kulymuhammet, Nazarmuhammet, iň kiçilerem Muhammetöwez. Maýa hem Hurma diýenem uýalary bar. Nuryşka orta boýly, agaç etli, gyýakdan ýiti gözlerinde gujur-gaýraty görnüp duran edermen, horrak oglandy. Nuryşka ýylan ýylynda doglan. Muny aýratyn nygtamagym, onuň häsiýeti täleýnamada aýdylyşy ýaly gabat gelýär. Ýylan ýylynda doglanlar gowy geýinýär, tomaşany, şagalaňy gowy görýär, köpçüligi halaýar. Olar akylly, düşbi, ýöne köpräk gepleýärler. Zähmetsöýer hem özdiýenli, hemem biraz gaharjaňrak.

Nuryşka ýaşlykdan obamyzdaky saglyk öýüne iş tejribesini geçmäge gelen şepagat uýasy Faýa atly tatar gyzy bilen tanşyp, soňam oňa öýlendi. Olaryň bir ogul, iki gyz perzentleri bar. Oglunyň ady Meýlis, gyzlarynyň ady Gülnar hem Gülbahar. Nuryşka orta mekdepde okaýan döwründe-de gaty degişgen eken. Bir gün ondan türkmen dili sapagynda mugallymy Ata Çaryýew: — Nazarow, hany aýt sen, türkmen dilinde näçe zaman bar? — diýip sowal berýär. Nuryşkada: — Ýoldaş mugallym, dört zaman bar — diýip jogap berýär. Onuň bu jogabyna okuwçylar hezil edip gülüşýärler. Mugallym: — Nazarow , sen näme türkmen dilinde täze açyş etdiňmi? Hany atlaryny, aýtda sanap başla! — diýýär. Nuryşka bolsa göwni bir ýaly: «Öten zaman, häzirki zaman, geljek zaman, üç boldumy, dördünjisem ahyrzaman, mugallym» diýip jogap berýär. Onuň bu jogabyna mugallymyň özem gülýär. Nuryşka harby gullukdan gelendäki pursadam göz öňümde. Ol Nowosibirsk şäherinde gulluk etdi. Gullukdan geläýen wagtlary 5-nji-6-njy synplarda okaýardym. «GAZ-24» ýeňil ulagy düýt-düýt edip kimdir biriniň oglunyň gullukdan gelýänini oba buşlady. Deň-duş oglanlar bolup ulagyň yzyndan tozana bulaşyp ylgaşdyk. Görsek ulag öýümiziň golaýynda ýaşaýan Ataçemçeleň işiginde saklandy. Ulagdan esger eşikde Nuryşka düşdi. Oba adamlary derrew üýşdüler. Gapyň işiginde durus. Nuryşka: «Hany, oglanlar, beýdip gapyň agzynda durmaň-da, öýe giriň!» diýip kiçiräk otaga saldy. Ozal süpürilip arassalananja otag welin, onda-da Oguljahan daýza käbir çöp-çalamy eli bilen çöpleşdirip, zibil oklanýan bedrä atjak bolup dur welin, Nuryşka: — Eje, süpürip azara galmasana, şo hapalar gulluga gitmänkämem durdy-la» diýdi. Hezil edip gülüşdik. Oglunyň sag-aman gullugyny sowup gelenine begenip duran Oguljahan daýza-da gülüp hezil etdi.

Nuryşka Türkmengala etrap medeniýet öýünde çeper ýolbaşçy hem alypbaryjy bolup işledi. Ol akkordeon çalmaga ökdedi. Ol saz çalanda kän gezek diňledim. Obalara medeniýet öýüniň döredijilik toparlary bolup konserde çykyşa gelenlerinde ol köplenç alypbaryjy bolardy. Soýuz döwründe doganlyk ýurtlarada çykyşlara giderdi. Özem rus dilini gowy bilýärdi. Dil bilensoň, rus dilindäki degişmelerem aýdyp gyzyl-gyran gülüşdirerdi. Ol diňe bir türkmen şahyrlarynyň däl, daşary ýurt şahyrlarynyň goşgularyny-da ýatdan bilýärdi. Öz aýdyşyna görä: «Bäş ýüz bent goşgyny ýatdan bilýän» diýerdi. Hakykatdanam kän okardy. Dürli ýurtlaryň belli ýazyjy-şahyrlary  Petefiniň, Şekspiriň, Gýotäniň, Geýnäniň, Tagoryň, Nazym Hikmetiň, Nowaýynyň, Jamynyň, Puşkiniň, Nekrasowyň, Ýeseniniň, Gamzatowyň, Musa Jeliliň goşgularynyň köpüsini ýatdan aýdyp bererdi. Bir gezek ol:

«Bu nätdigiň boldy, sertaraş ogul,

Depämden, ýakamdan guýýarsyň atyr.

Göreňokmy seniň oturgyjyňda,

Togsan ýaşly Jambyl Jabaýew otyr.

 

Birmahallar menem daýaw ýigitdim,

Indi bolsa ynha, büküldi bilim.

Häzir sen agtarsaň deň-duşlarymy,

Eliň çyraly-da tapmarsyň birin.

 

Gije-gündiz dynman ýonsaň-da näçe,

Gylyç ýasap bolmaz köne demirden.

Bir lagar ýabyny münseň-de näçe,

Bedewe öwrülmez ömür-ömür hem.

 

Sen bolsa Jambylyň dik depesinden,

Sakgalnyň üstünden guýýarsyň müşki,

Wah, sertaraş ogul, beýdeniň bilen,

Göterlermikä beri, gojanyň yşky?..» diýip, gazak şahyry Jambyl Jabaýewiň «Atyr» atly goşgusyny şeýlebir täsirli aýdyp berdi. Bäh, heniz eşitmedik goşgym —  diýdim welin: — Inim köpräk okamaly — diýdi. Onuň özi haçan barsaň kitap okap oturardy. Kerim şahyryň, Gurbannazar Ezizowyň, Resul Gamzatowyň kitaplaryny okap oturanyna kän gezek gabat geldim. Ol diňe bir köp okamak bilenem çäklenmezdi. Halkyň arasynda bolup, dilewar, köpigören, sowatly adamlary kän diňlärdi. Olardan eşiden gyzykly gürrüňlerini öz döredijiligi bilen baýlaşdyryp, çeperleşdirip halka ýetirerdi. Onuň ýatkeşligi güýçlüdi. Kän goşgulary ýatdan bilmegi täsir edendirdä öz ýazan goşgularam az däl. «Aýaň, oglanlar», «Ogluň men», «Oglanlara wesýet» we başga-da goşgulary bar.

Nuryşka Türkmengalada doglup ýurdumyzda tanalýan sungat wekilleri Durdy Myradow, Gurt Ýakubow, Amannazar Ataýew, Berdi Aşyrow,  Rejep Goçmyradow, Dürnazar Hudaýberenow, Aman Kadyrow, Bahar Hojaýewa, Sahydursun Hojakowa, Aman Saryýew, Şähribossan Geldimämmedowa, Ahmet Orazgeldiýew ýaly zehinler bilen bir welaýatda doglandygyna buýsanardy. Şol zehinleriň köpüsi bilen tirkeşmegi onuň sungata bolan söýgüsini has-da artdyrdy.

Bir gün ol ulagy özi sürüp Amannazar Ataýew bilen gyşyň güni toýdan gelýän eken. Ýol sürçek bolansoň alada edip: «Düz ýerden zordan sürüp gelýäs welin, öňdäki kötelden nähili geçerkäk? Ýola çäge dökmedilermikä?» diýip soraýar. Amannazar Ata-da degişme bilen kän zatlary aýdyp ýören ýiti adam. Ol: «Belki, hudaý, şeýle bolsun. Eger, häzir çäge dökülmedik bolsa-ha, onda inim, ertir ikimiziň işigimize çäge dökmeli bolarlar» diýipdir.

Nuryşkanyň döreden degişmeleriniň köpüsi öz dogan-garyndaşlary, tirkeşýän dost- ýarlary bilen bagly. Bolan wakalardan ösdürilip, gülki çaýyp döredilen degişmeler. Köp degişmelerinde agzalýan Gulamalyýew, onuň bilen bile okan tirkeşen dosty. Şonuň üçin ondan hiç kim  hiç zady gaty görenokdy. Özümem Nuryşka bilen kän toýlara gidip tamada boldum. Bir gezek bagşy Bally Hajyýew dagy bilen Nebitdaga (häzir Balkanabat) toýa gitdik. Toý başlady welin, öý eýesi maňa: «Inim, Nuryşkanyň hemem Bally Hajynyň geljegini eşidensoňlar mähelle bary ýygnandy. Gaýrat edip, eliňde baryny edip söz bereňde joşduraweri! — diýip tabşyrdy. Menem: — Mähriban adamlar, ynha, şu günki toýa özüniň ajaýyp degişmeleri bilen halka gülki paýlaýan, zehinli artistimiz Nuryşka-da geldi —  diýip, öwgüli sözler bilen taryplap söz nobatyny berdim welin: «Näme, inim, meni gaty öwdüň welin, Nebitdagda satyp gitjekmi?» diýdi. Adamlar gyzyl-gyran gülüşdiler. Şol sözi biz aýtsak hiç kim gülesem ýok. Ýöne Nuryşka aýdanda, üýtgeşik gülki çaýyp aýdýar welin tomaşaçy gowy kabul edýär — diýip gürrüň berdi.

Köp adam ilki bilen onuň Begmyrat kakanyň boksa gidişi hakyndaky degişmesini ýatlaýar. Şo degişmäni diňleýäň welin, millilik gaty güýçli. Boksa çykandaky garşydaş negriň adyny «Garamyrat» diýip hormatlap atlandyryşy hakyky türkmen ýaşulusynyň häsiýeti. Negr: «Naýn» diýip gürlände ol: — Tanadyň, ýegen, tanadyň. Begmyrat daýyň. Marydan geldim — diýip tanyşdyryşy. Elleşip salamlaşanlarynda: — Salamly, edepli, oňat oglan eken — diýip türkmençilik edebiniň salamdan başlanýandygyny, ýa-da egnindäki gyýma balagynyň rahatlygyny, gaýymlygyny düşündirişi bilen türkmen gelin-gyzlarynyň el işleriniň ussadydygyny beýan edýär. Şol degişme-de her bir hereket, aýdylýan söz çeperçilik taýdan güýçli bezegi ýetirilip gülki bilen diýseň manyly tomaşaça ýetirilýär. Eger şony ummasyz pul töläp aýt diýiläýende-de, Nuryşka bolmasaň aýdyp boljak däl. Elbetde, güldürmek üçin käbir artykmaç, öteräk geçilip  aýdylýan gürrüňlerem ýok däl, ýöne esasy düýbünde çuňňur pikir bar. Esasanam halkymyza bolan beýik ynam dur. Sporta üns berilmeýän döwründe-de, Nuryşkanyň halkymyza bolan ynamy güýçli. Haýsy ugurdan ýaryş guralsa-da, halkara bäsleşiklerde-de ýeňiş gazanyp biljek watandaşlarymyzyň bardygyny degişmäniň üsti bilen aýdypdyr. Şonuň üçin oňa halk ylahy zehin diýýär — diýip, Baýramgeldi mugallymdan Nuryşkanyň haçan ýogalandygyny soradym. Ol: — Nuryşka 2001-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda tarpa-taýyn ýogaldy. Ony birbada «ýogaldy» diýip aýdanymyzda-da köp adam ynanmady. «Oýun etmesene» diýip gaýta güldüler. Degişme gürrüňlerini ýatladylar, ýöne neressäni soňky ýoluna ugradylanda welin, märeke gaty kän boldy. Ýurdumyzyň ähli welaýatyndan dürli kärdäki adamlar geldiler — diýdi. Soňra-da onuň:

«Bir gün ezraýyl çyksa kastyma,

Salar meni gara ýeriň astyna,

Men dirikäm, dirilerden haýyşym,

Güller ekiň mazarymyň üstüne!

 

Güller gülýänleri ýada salsynlar,

Güller göýdükleri oda salsynlar,

Kimler dirikä-de ölä meňzäp ýör,

Bakylygy güller ýa-da salsynlar!» diýen setirlerini aýdyp sözüni jemledi. Onsoň menem içimden: «Ýeke özi teatr bolup, iň kyn žanr degişme bilen muşdaklaryň göwnünden turup, halkyň şeýle söýgüsini gazanmak üçin Nuryşka bolmaly. Ýatlanmaga-da, hormatlanmaga-da mynasyplaryň birisiňiz. Gül göwnümizden çykan sözlerden çemen bogup, ruhuň öňünde tagzym etdik, Nurmuhammet dogan! Jaýyň jennetden, behiştden paýyň bolsun! Imanyň hemra, ýatan ýeriň ýagty bolsun-da, her-nä!» diýip doga-dileg bilen makalama nokat goýdum.

Akgül Saparowa.

 

Ýene-de okaň

Gurbannazar Ezizow: Ezizowly ýatlamadan başlanan söhbet

Ereş Orakow: ol meniňem mugallymym

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri