DÜNÝÄ

Türkiýe Respublikasynda demokratiýa we milli jebislik güni bellenýär

Türkiýe Respublikasynda we ýurduň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynda 15-nji iýul Demokratiýa we milli jebislik güni mynasybetli dabaralar guraldy.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy hem bu babatda dabara gurnady. Paýtagtymyz Aşgabatdaky türk medeniýet merkezinde geçirilen dabara Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisiniň orunbasary Gülşah Jumurju, ilçihananyň işgärleri we Aşgabatdaky türk raýatlary gatnaşdy.

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisiniň orunbasary Gülşah Jumurju dabarada eden çykyşynda 7 ýyl mundan ozal Türkiýe Respublikasynda bolup geçen gynandyryjy wakalar barada durup geçip, bu çärede şol wakalarda gurban bolanlary ýatlaýandyklaryny belledi.

Şeýle hem ol 100 ýyl mundan ozal, Gazi Mustafa Kemal Atatürk tarapyndan döredilen Türkiýe Respublikasynyň häzirki günde özleriniň buýsanjy bolup durýandygyny mälim etdi.

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisiniň orunbasary Gülşah Jumurjunyň çykyşyndan soňra gurban bolanlary hatyralap doga-dileg edildi.

Soňra myhmanlar surat sergisini aýlanyp gördüler.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin sport çäresi guraldy

Aşgabatdaky Eýranyň medeniýet merkezinde ýurduň merhum Liderini hatyralamak çäresi geçirildi

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň bilim ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Aşgabatda türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 7-nji mejlisi geçiriler

Russiýanyň ilçisi: Russiýa kosmonawtlary taýýarlamak boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar

Türki dünýäsiniň futbol diplomatiýasy