Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa söz berildi.
Wise-premýer, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi. Şeýle hem ol pursatdan peýdalanyp, milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmäge gönükdirilen Medeniýet hepdeligini Ahal welaýatynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge döredilen mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza medeniýet ulgamynyň ähli işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra wise-premýer Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Nobatdaky Medeniýet hepdeligini 2026-njy ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu gün ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden bellenilýändigini, milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi we medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, 2026-njy ýylda Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Karara gol çekdi.