BILIM

2025-nji ýylyň iň gowy uniwersitetleri

“Wall Street Journal/College Pulse” tarapyndan taýýarlanan 2025-nji ýylyň iň gowy uniwersitetleriniň sanawynda Prinston Uniwersiteti ikinji ýyl yzly-yzyna birinji orny eýeledi. Bu ýylky sanawda 50 uniwersitetiň arasynda 25 sany täze mekdep bar, şolaryň arasynda kiçi we uly, döwlet we hususy, tehniki we liberal sungat ugurly okuw jaýlary tapawutlanýar.
Prinston Uniwersiteti sanawyň ähli esasy komponentlerinde ýokary netije görkezdi. Okuw mekdepleri talyplary maliýe taýdan üstünlik gazanmaklaryna nähili kömek edýänligi boýunça bahalandyrylýar. Şeýle-de, okuw mekdepleri talyplaryň diplom almak ähtimallygyny we olaryň geljekki gazanç mümkinçiliklerini gowulandyrýan çäreler bilen ölçenýär. Mundan başga-da, talyplaryň okuw durmuşyna berýän pikirleri sanawa goşuldy, emma uniwersitetleriň abraýy ýa-da maliýe ýagdaýlary hasaba alynmady.
Şu ýyl döwlet uniwersitetleriniň sanawda ýokary orunlara çykmagy aýratyn üns çekdi. Kaliforniýanyň Berkli uniwersiteti 8-nji orny, Jorjiýanyň Tehnologiýa instituty bolsa 9-njy orny eýelemek bilen, ilkinji 10-luga girdi. Mundan başga-da, iň ýokary 20-lige giren okuw mekdepleriniň arasynda 6 sany döwlet uniwersiteti bar. Geçen ýyl iň gowy 10-lukda hiç bir döwlet uniwersiteti ýokdy we diňe iki okuw mekdebi iň gowy 20-lige giripdi.
Tehnologiýa we işewürlik ugurlary boýunça güýçli programmalary bolan mekdepler hem ýokary orunlary eýeledi. Sanawda Babson kolleži 2-nji, Stenford uniwersiteti bolsa 3-nji orny eýeledi. Kaliforniýa ştaty iň köp, jemi 17 okuw mekdebi bilen ilkinji 50-likde orun aldy. Bu görkeziji geçen ýyl diňe 6 mekdepdi.
Sanawda Ýel Uniwersiteti we Klaremont MekKenna Kolleži degişlilikde 4-nji we 5-nji orunlary eýeläp, ilkinji 5-ligi tamamlaýarlar. Şeýle hem, Massaçusetsiň tehnologiýa instituty 6-njy, Garward uniwersiteti 7-nji we Dewidson kolleži 10-njy orunlary eýeledi.
Okuw mekdepleriniň bu sanawda üstünlik gazanmagyna kömek eden birnäçe sebäpler bar. Käbir uniwersitetleriň işewürlikler we jemgyýet bilen bolan berk baglanyşyklary talyplaryň diplom almanka iş tejribesini almagyna mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde, okuw programmalary iş bazarynyň talaplaryna görä yzygiderli täzelenýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Somaliniň bilim ulgamynyň onlaýn duşuşygy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda STEM biliminiň ösdürilmegine üns berler

Ata Watan Eserleri

“Türkiýe talyp haky-2025” maksatnamasy başlaýar

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň uniwersitetleri hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan bilen Rumyniýa bilim ulgamynda täze ähtnam gol çekişdi

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty abraýly halkara birleşigiň agzalygyna kabul edildi