JEMGYÝET

2025-nji ýylda dünýäde bolan iň möhüm wakalar

Ýanwar

  • Kanadanyň Premýer-ministri Jastin Trýudo hökümetiň başynda takmynan 10 ýyl işläninden soň, wezipesinden çekilýändigini mälim etdi.
  • Donald Tramp resmi taýdan ABŞ-nyň 47-nji prezidenti wezipesine girişdi. Ol özüniň kasam kabul ediş dabarasynda «Amerikanyň altyn asyrynyň» başlanýandygyny yglan etdi.
  • Belarusuň häzirki döwlet baştutany Aleksandr Lukaşenko prezident saýlawlarynda ýene-de ýeňiş gazandy. 1994-nji ýyldan bäri ýurdy dolandyrýan ukaşenkonyň ýeňşini Belarusuň Merkezi saýlaw topary yglan etdi. Bu onuň ýedinji möhletidir.
  • Günorta Koreýanyň Prezidenti Yun Sok Ýol wezipesindne çetleşdirildi.

Fewral

  • Donald Trampyň administrasiýasy ABŞ-nyň Halkara Ösüş boýunça Agentligini ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň gözegçiligine geçirildi, şeýle hem agentligiň grantlarynyň 90 göterimi ýatyryldy.
  • Donald Tramp Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen ilkinji resmi telefon gepleşigini geçirdi. Onuň netijesinde Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky gapma-garşylyklaryň çözülmegi üçin gepleşikler prosesine başlamak barada kararlar kabul edildi. Birnäçe günden soň Saud Arabystanynda ABŞ bilen Russiýanyň wekiliýetleriniň arasynda soňky üç ýylyň dowamynda geçirilen ilkinji gepleşikler boldy.

Mart

  • Kanadanyň täze Premýer-ministri wezipesine Kanadanyň we Angliýanyň Bankynyň öňki ýolbaşçysy Mark Karni bellenildi. Premýer-ministr saýlawlary Kanada bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň ep-esli ýitileşen döwründe geçirildi.
  • Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň Prezidentleri Sadyr Žaparow bilen Emomali Rahmon iki ýurduň arasyndaky döwlet serhedi barada şertnama gol çekdiler. 2021-nji ýyldan bäri ýapyk duran gözegçilik-geçiriş nokatlary täzeden işläp başlady.

Aprel

  • Donald Tramp dünýäniň ähli ýurtlaryndan, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan getirilýän harytlara gümrük paçlarynyň girizilýändigini mälim etdi. Ol 2-nji apreli «Amerikanyň Azatlyk güni» diýip yglan etdi.
  • Rim papasy Fransisk 88 ýaşynda aradan çykdy.

Maý

  • Fridrih Merts Germaniýanyň kansleri wezipesine saýlandy. Onuň dalaşgärligi ikinji synanyşykda tassyklanyldy. Bu wezipede ol Olaf Şolsuň ýerine geçdi.
  • Rim Papasy wezipesine 69 ýaşly kardinal Robert Prewost saýlanyp, ol özüne Lew XIV adyny aldy. Şeýlelikde, ol Rim-katolik ybadathanasyna ýolbaşçylyk eden ABŞ-dan bolan ilkinji wekili boldy.

Iýun

  • Günorta Koreýanyň täze prezidenti wezipesine Demokratik partiýanyň dalaşgäri Li Çže Mýon saýlandy. Ol ýurtda geçirilen möhletinden öňki prezident saýlawlarda ýeňiş gazandy.

Iýul

  • Parižde 100 ýyldan gowrak wagt geçenden soň ilkinji gezek Sena derýasynda suwa düşmäge rugsat berildi. Senanyň açylmagy 2024-nji ýylda Fransiýanyň paýtagtynda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň esasy miraslarynyň biri boldy. Şol oýunlaryň dowamynda derýanyň ýörite arassalanan suwlarynda açyk suwda ýüzmek boýunça türgenler we triatlonçylar bäsleşdiler.
  • Fransiýa sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde Palestina döwletini ykrar etmegi karar etdi. Az wagtdan şondan soň Beýik Britaniýa, Kanada we Awstraliýa hem şular ýaly karar kabul edendiklerini mälim etdiler.

Awgust

  • ABŞ birnäçe ýurt üçin «anyklanylan» gümrük paçlaryny girizdi — olaryň möçberi 10 göterimden 41 göterime çenli boldy.
  • Donald Tramp bilen Wladimir Putin Alýaskada gepleşikler geçirdiler.

Sentýabr

  • Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sigeru Isiba wezipesinde bir ýyldan hem az wagt işläninden soň, işinden çekilýändigini mälim etdi.

Oktýabr

  • Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine Sanae Takaiti saýlandy. Ol ýurduň taryhynda bu wezipä gelen ilkinji zenan boldy.

Noýabr

  • Nýu-Ýork şäheriniň häkimi saýlawlarynda demokrat-sosialist Zohran Mamdani ýeňiş gazandy. 34 ýaşly syýasatçy soňky 100 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda şäheriň iň ýaş häkimi boldy, şeýle hem bu wezipä gelen ilkinji musulman we günorta aziýaly ilkinji şäher ýolbaşçysy boldy.

Dekabr

  • Awstraliýa 16 ýaşdan kiçi çagalar üçin sosial torlary doly gadagan eden dünýäde ilkinji ýurt boldy. Gadaganlygyň çägine “TikTok”, “YouTube”, “Facebook”, “Instagram” we beýleki iri platformalar girýär.
  • ABŞ-nyň “Time” žurnaly boýunça 2025-nji ýylyň adamy «emeli aňyň arhitektorlary» boldy. Žurnalyň meşhur «Gökdeleniň üstünde günortanlyk nahar» atly suratyň stilinde bezelen daşky sahypasynda Mark Sukerberg, Ilon Mask, Sem Altman we tehnologiýa kompaniýalarynyň beýleki wekilleri ýerleşdirildi.
  • ABŞ grin-karta lotereýasyny wagtlaýynça togtatdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji bäbegi Aşgabatda dünýä indi

FIFA täze baýragyň döredilýändigini yglan etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

“Makul Sözlük” – “Ýylyň Makul Sözi-2026”: Yhlas

Türkmenistan täze 2026-njy ýyly garşylady