DÜNÝÄ

2021-nji ýylda hökümetara resminamalaryň 200-den gowragyna gol çekildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tamamlanyp barýan ýylda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasyndaky jemleýji bilelikdäki mejlisini geçirdi. Oňa Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem çagyryldy.

Bilelikdäki mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tamamlanyp barýan ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada aýtdy.

2021-NJI ÝYLYŇ JEMLERI

  • Ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramyny belläp geçdik, 2021-nji ýyl üçin meýilleşdiren ähli işlerimizi diýen ýaly üstünlikli amala aşyryldy.
  • Döwlet Baştutanymyz geçirilen iri çäreleriň hatarynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisine, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 3-nji konsultatiw duşuşygyna, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitine aýratyn ünsi çekdi.
  • Tamamlanyp barýan ýylda halkara saparlaryň guralandygy barada aýdyldy. Türkmenistanyň Prezidenti dünýäniň 5 döwletinde resmi saparda boldy. Biziň ýurdumyza döwlet Baştutanlarynyň we ýokary wezipeli adamlaryň 19 sapary amala aşyryldy.
  • 2021-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurt döwletleriniň resmi wekilleri, şol sanda döwlet we hökümet Baştutanlary, şeýle hem dürli halkara korporasiýalardyr kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn 84 duşuşygy, telefon we sanly ulgam arkaly 25 gepleşigi geçirildi. Netijede, hökümetara resminamalaryň 200-den gowragyna gol çekildi.

 

2022-nji ýylyň ÅŸygary – “Halkyň Arkadagly zamanasy”

Ýene-de okaň

Eýranyň ilçihanasynyň medeniýet merkezinde Gurhan sergisi we agzaçar çäresi geçirildi.

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjan bilen Türkmenistan atçylyk sporty boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdy

Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýewropa Parlamentiniň 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokio şäherinde geçirilen «Salgyt we ösüş» atly mejlise gatnaşdy

Russiýa Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýar

Türkmenistan bilen Pakistanyň zenan parlamentarileriniň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy