JEMGYÝET

2 müň 100 tonnadan gowrak pile taýýarlandy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Gün tertibine ara alyp maslahatlaşmak üçin möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek meseleleri girizildi.
Döwlet Baştutanymyz maslahaty açyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer hasabatyny ýurdumyzyň ýüpekçileriniň pile tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirendikleri hakyndaky hoş habar bilen başlady.
Hormatly Prezidentimiziň bu pudagy goldamak boýunça geçirýän toplumlaýyn çäreleri netijesinde ata-babalarymyzyň mirasy bolan ýüpekçiligi ösdürmek hem-de gymmatly çig mal bolan piläniň öndürilişini artdyrmak üçin ähli zerur şertler döredildi.
Giň gerimli döwlet goldawy netijesinde ýurdumyzyň zähmetsöýer ýüpekçileri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda Watan harmanyna 2 müň 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, öz üstlerine alan şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Munuň özi ýurdumyzyň ýüpekçilik pudagyny ösdürmek üçin döredilen şertleriň netijesidir.
Wise-premýer oba hojalyk pudagynyň işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyza oba zähmetkeşleriniň netijeli zähmeti üçin döredilýän şertlere çuňňur hoşallygyny beýan etdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip, hemmeleri, şol sanda welaýat häkimlerini hem-de oba hojalyk toplumynyň ähli işgärlerini ýurdumyzda pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilip, ýokary hilli piläniň tabşyrylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Edermen pileçilerimiziň yhlas siňdirip, irginsiz çeken zähmetiniň netijesinde öndürilen piläniň bol hasyly bagtyýar durmuşda ýaşaýan agzybir halkymyzyň halal ojaklarynyň berekedidir, ata-babalarymyzyň gadymy senetçiliginiň biri bolan ýüpekçiligiň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýat häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzyň pile öndürijilerinden kabul edilip alnan piläniň talabalaýyk şertlerde saklanylmagyny hem-de ony gaýtadan işleýän degişli kärhanalarda ýokary hilli ýüpek önümleriniň öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz tabşyrylan pile üçin pile öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmegiň zerurdygyny aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ýüpekçiligi has-da ösdürmek üçin welaýatlarda tut nahallaryny ekmek işleriniň alnyp barlyşyna aýratyn üns bermek barada görkezme berdi.

 

Içerki demir ýol gatnawlarynyň sany artýar

Ýene-de okaň

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa ilkinji resmi sapary başlandy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler