SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

1800 metr belentlikdäki Gün bekedi

Alp daglarynyň Şweýsariýadaky belentliklerinde dünýädäki ilkinji ýüzýän Gün elektrik bekedi işläp başlady. Hünärmenler bu bekediň Gün energiýasyndan peýdalanmakda möhüm ädim bolup biljekdigini aýdýarlar.

Täze beket ýurduň Walaý şäherindäki Lak des Tulus kölüniň ýüzünde «ýüzýär». Onuň deňiz derejesinden 1800 metr belentde ýerleşýändigi gyzykly maglumatdyr. Bu beket arkaly sagatda, takmynan, 800 MWt elektrik energiýasyny öndürip, 225 hojalygyň energiýa zerurlyklaryny üpjün edip bolar.

Ýüzýän beket kölüň düýbüne berkidilen alýumin we polietilenden ýasalan 36 bölegi özünde birleşdirýär. Bu böleklerde jemi 1400 panel ýerleşdirilipdir. Dagyň üstündäki kölüň wagtal-wagtal doňup biljekdigi göz öňünde tutulyp, panele 60 santimetrden hem gowrak belentlik berildi. Bu bolsa buzuň galyňlygynyň 60 santimetre çenli ýetmeginiň hem panele zeper ýetirip bilmejekdigini görkezýär. Şol bir wagtda täze beket 50 santimetr galyňlykdaky garly howada hem bökdençsiz işläp biler.

Her ýylyň mart aýynyň ahyrynda bu kölüň suwy azalyp, soňra ol guramak derejesine çenli ýetýär. Şeýle ýagdaýda Gün panelli beket kölüň düýbünde bellenen tekizlikde saklanyp biler.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

Ýene-de okaň

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Abu-Dabi ugruna gatnawlaryň sanyny artdyrýar

Derman senagaty pudagy: Türkmenistan Türkiýe we Özbegistan bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýär

Ata Watan Eserleri

“S7 Airlines” 2026-njy ýylyň mart aýyndan başlap Nowosibirsk – Aşgabat uçar gatnawlaryny açýar

“S7 Airlines”:Moskwa bilen Aşgabat arasyndaky gatnawlaryň sany artdyrylar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: içerki gatnawlaryň tertibine düzediş girizýär

Türkmen lukmanlary koreý lukmançylygy boýunça okuw maksatnamasyny tamamladylar