SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

17-nji oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, resminamalaryň terjimesi üçin  Makul Hyzmat Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 17-nji  oktýabrdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Günüňiz birneme hysyrdyly geçer. Bu siziň käbir zatlara ýalňyş düşünmegiňiz, ýalňyş maglumat almagyňyz bilen bagly bolup biler. Bu gün maşgalada agzalalygyň bolmak ähtimallygy uludyr. Günlük, adaty işler bilen meşgullanmaklyk maslahat berilýär. Saglygyňyza üns beriň. Uly çykdajylary etmegiňiz ahmaldyr.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Täze tanyşlyklar, gürrüňdeşlikler üçin gowy gün. Siziň alçaklygyňyz, ýumşaklygyňyz, dury pikirlenişiňiz geljekki finans üstünlikleriňiziň sütüni bolup biler. Siziň özüňize islendik kişini maýyl etmeklik başarnygyňyz bolup biler. Bu gün syýahat etmek, ýa-da myhman kabul etmek üçin gowy gündür.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Hemişe närazy we içgysgynç adamlardan gaça duruň. Ýakyn adamlaryňyz bilen gatnaşygyňyzda ünssüzlige we çalt netije çykarmaklyga ýol bermäň. Finans taýdan kynçylyklaryňyz bolup biler: öňki bergileriňiz ýadyňyza düşer, garyndaşlaryňyza ýa ýakynlaryňyza kömek bermek barada aladalanmagyňyz ahmal.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Siziň güýçli energiýaňyz daş-töweregiňizdäkilere şatlyk paýlar. Emma günüň ikinji ýarymynda özüňiziň, şeýle-de ýakynlaryňyzyň saglygyna üns beriň. Söýgi meslesinde size üstünlikler garaşýar. Kimdir biriniň sizden öňden bäri gizläp ýören duýgularyny aýtmaklygy gaty ahmal. Günüňizi maşgalaňyzyň ýa-da ýakyn dostlaryňyzyň arasynda geçiriň.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Şu gün siziň täze zatlara höwesiňiziň açylmagy ahmal. Siziň öňdengörüjiligiňiz kimiň hakyky dostdugyny, kimiň bolsa ganym duşmandygyny aýdyň edip biler. Garşydaş jynsyň wekili bilen gatnaşyk açmak üçin diýseň gowy gün. Duýdansyz duşuşyklaryň uzak, berk gatnaşyklara öwrülmekligi gaty ahmaldyr.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Ünslüligi, aýratyn çemeleşmekligi talap edýän işler bilen meşgullanmaklyk maslahat berilmeýär. Öz pikiriňizi içiňizde saklamaga çalşyň, çünki size ýamanlyk isleýänleriň hereketleri bar maksatlaryňyzy puja çylarmagy ahmal. Yzly-yzyna erbet habarlaryň gelmegi ahmal, ýöne siziň wagtynda pikirlenip etjek hereketleriňiz ýagdaýdan baş alyp çykmagyňyza kömek eder.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Finans ýagdaýyňyz bilen baglanyşykly ýakymsyz üýtgeşmeleriň bolmagy ahmal. Telekeçi mizanlara ýyldyzlar inwestisiýalar bilen baglanyşykly meselede howlukmazlygy maslahat berýär. Has gowy şertlere garaşyp, ynamly hereket edeniňiz gowudyr. Söýgi meselede gabanjaňlyga ýol bermäň.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Işjeň, döredijilikli gün. Siziň işeňňirligiňiz finans ýagdaýyňyzy has-da gowulandyrar. Öz içki pikirleriňize, ýüregiňizi tolgundyrýan zatlara känbir üns bermäň, çünki bu siziň saglygyňyza ýaramaz täsir eder. Ýakynlaryňyza bolan gatnaşygyňyzda adalatly boluň. Öz ýalňyşlyklaryňyzy boýnuňyza almaklygy başaryň.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Ýyldyzlar size girdejileriň gelmegine güwä geçýär. Siziň maksadaokgunlylygyňyz we tertipliligiňiz daş-töweregiňizdäkilerde ynamlylyk we işleşmäge bolan höwes döreder. Bu gün öz saglygyňyza aýratyn üns beriň, çünki öňki keseller özüni ýatlatmaklygy gaty ahmaldyr.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Kärdeşler bilen bilelikdäki döredijilik, dostlar bilen gürrüňdeşlik, myhman kabul etmeklik üçin diýseň gowy gün. Ähli ynamsyzlygyňyzy taşlaň, arkaýyn hereket ediň. Açyk, arassa howada köpräk wagt geçirmeklige çalşyň. Çagalaryňyza üns beriň – olarda siziň maslahatyňyza mätäç bolan mesleleriň ýüze çykan bolmagy ahmal.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Bu gün size agyr fiziki zähmet etmek maslahat berilmeýär. Jedellerden, ýiti diskussiýalardan gaça duruň. Öz aýdýan sözleriňize üns beriň. Pikirlenilmän, howlugyp edilýän hereketler siziň ýagdaýyňyzy has-da kynlaşdyrar. Gowy görýän işiňiz bilen meşgullanmak, çagalaryňyz bilen gürleşmek bilen özüňize dynç berip bilersiňiz.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Siziň durmuş potensialyňyz iň ýokary nokadynda ýerleşýär. Başlan işiňizden hiç hili ýüz öwürmäň. Yza ýol ýokdur. Günüň ikinji ýarymynda çakdanaşa duýgurlylyk ýakyn adamlaryňyz bilen düşünişmezligiňiziň sebäbi bolup biler. Söýgi meselesinde ünsli boluň. Pikirlenilmän edilen hereketler ýaryňyzyň ýüregine erbet täsir edip biler.

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama