JEMGYÝET

2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy taýýarlandy

2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynyň taýýarlanyşy hem-de 2022-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasy barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde ýurdumyzyň möhüm maliýe resminamalaryň taslamalarynyň “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda” bellenilen gaýragoýulmasyz wezipeler nazara almak arkaly taýýarlandy.

Geljek ýyl üçin esasy maliýe meýilnamasynyň taslamasynyň esasy maddalary boýunça göz öňünde tutulan çykdajylar barada hasabat berildi. Durmuş ulgamyny ösdürmäge ýeterlik möçberdäki serişdeleriň gönükdiriljekdigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiziň degişli Permanyna laýyklykda, geljek ýylda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi 10 göterim köpeldiler.

Düýpli maýa goýumlarynyň belli bir möçberini önümçilik we durmuş-medeni maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşygyna gönükdirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde garalmagy üçin iberdi we bu barada degişli Karara gol çekdi.

 

2022-nji ýyl üçin «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigi yglan edildi

Ýene-de okaň

Ilham Aliýew türkmen halkynyň Milli Liderine “Dostluk” atly garabag bedewini sowgat berdi

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Allahşukur Paşazade bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Sea Breeze” dynç alyş toplumyna baryp gördi

Oguljahan Atabaýewa Geýdar Aliýew merkezine we haly muzeýine baryp gördi

Oguljahan Atabaýewa Leýla Aliýewa bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň Prezidenti bilen duşuşdy