JEMGYÝET

15 ýyl uzak ýaşamak üçin

Çalt-çaltdan ädimläp pyýada ýöremek, görlüp oturylsa, ynsan ömrüni 15 ýyl uzaldyp biljek eken. Muny Beýik Britaniýanyň Lester uniwersitetiniň alymlary ylmy tejribäniň üsti bilen subut etdiler.

«The Daily Mail» neşiriniň ýazmagyna görä, alymlar ortaça ýaşy 52-ä barabar bolan ýarym million töweregi adam bilen özboluşly synag geçirdi. Olar köplenç pyýada gezýän, özi hem gaty ýöreýän zenanlaryň ömür dowamlylygynyň ortaça 86,7 ýaşdan 87,8 ýaşa çenli, erkekleriň bolsa 85,2 ýaşdan 86,8 ýaşa çenli ýetip biljekdigini anykladylar.

Ýuwaş ýöreýän we asla az hereket edýän adamlaryň orta ömri bolsa zenanlarda 74, erkeklerde 64 ýaş diýip alyndy. Ortaça tizlikde ýöremek hem ýaşyň belli bir derejede uzamagy üçin peýdalydyr.

Ýene-de okaň

“Makul Iňlisçe-Türkmençe” dil gollanmasy neşir edildi

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň ilçisi: Hytaý jemgyýetinde türkmen diline bolan ünsi artýar

Halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglanar

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy

Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,1 milliard dollara deň boldy