BILIM

Ýewropada bilim almak mümkinçiligi

Ýewropa uniwersitetlerinde bilim ýa-da tejribe almak isleýän Türkmenistanyň raýatlary Ýewropa Bileleşiginiň girdeji gazanmaýan “Erasmus+” maksatnamasyndan peýdalanyp bilerler. Bu barada www.erasmusplus.org.tm internet saýtynda bellenilip geçilýär.

Täzelenen maksatnama soňky bäş ýylda “Erasmus Mundus”, “Tempus” we beýleki birnäçe köne maksatnamalaryň ornuny tutdy.

Bu maksatnamanyň kömegi bilen 4 milliondan gowrak adam daşary ýurtda okamak we durmuş tejribesi toplamak mümkinçiligini gazandy.

2014-2020-nji döwri öz içine alana Erasmus +” Maksatnamasy tamamlandy. 2021-nji ýylda täze Maksatnama tapgyry yglan edildi:  ol hem 2027-nji ýyla çenli döwür üçin niýetlenendir (2021-nji ýyla çenli saýlanan taslamalar işlemegini dowam etdirer).

2021 geçiş ýyly bolar, bäsleşik diňe birnäçe ugurda geçiriler: Olar

  1. Jean Monnet
  2. Erasmus Mundus Design Measures
  3. Erasmus Mundus Joint Masters

Has giňişleýin maglumaty: erasmusplus.org.tm saýtynda ýa-da info@erasmusplus.org.tm e-mail arkaly alyp bilersiňiz.

“Erasmus +” maksatnamasy, bilim, okuw, ýaşlar we sporty döwrebaplaşdyrmagy we ösdürmegi, başarnyklary we iş mümkinçiligini ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Bu maksatnama adam ösüşine maýa goýumlaryny ep-esli artdyrar.

 

 “Google Photos” mugt giňişligini çäklendirer

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde türk wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanda magistratura maksatnamalary boýunça täze ugurlaryň 6-sy açyldy

Türkmenistanda 1 müň 239 sany talyp orny artdyryldy

Türkmen ýaşlarynyň 67-nji Halkara matematika olimpiadasyndaky üstünlikleri

Türkmenistanda uniwersitetlere resminamalaryň kabul edilişini internet arkaly yzarlap bolýar

Dünýäniň iň owadan sözi belli boldy