Jemgyýetiň sazlaşykly hereket etmeginde sosiologiýa ylmynyň ähmiýeti uludyr. Bu ylym jemgyýetde döräp biläýjek gapma-garşylyklary aradan aýyryp, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär we olaryň asuda ýaşamagyny üpjün edýär. Jemgyýetde bu ylma bolan zerurlygyň ýüze çykmagy bilen halkara giňişliginde hünär baýramçylygynyň döremegine esas bolýar.
Dünýä jemgyýetçiliginde sosiologlaryň hünär baýramçylygyny bellemek güni 14-nji noýabr hasaplanylýar. Ol ilkinji gezek 1994-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Russiýanyň Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetinde rus akademiki sosiologiýasynyň mekany bolan Sosiologiýa fakultetinde bellendi.
Bu güniň taryhy resminamasy 1901-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Russiýanyň Sosial ylymlary mekdebiniň Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde açylmagy bilen baglanyşyklydyr. Şol döwürde bu ýokary okuw jaýy taryhda dünýäde jemgyýetçilik ylymlarynyň bir ugry bolan sosiologiýa hünäriniň toplan tejribesi boýunça birinjiligi eýelemegi başardy. Ýokary okuw jaýynda umumy sapaklar rus syýasatçylary we sosiologlary: M. Kawalewskiý, N.Karaýew, Ýe.De. Roberti, P.Milýukow, P. Lawrow ýaly birnäçe tejribeli professorlar tarapyndan talyplara ýetirilýär.
Şeýle-de, 14-nji noýabryň rus sosiologiýasy üçin möhüm senedigini aýratyn bellemelidiris. Hut şu gün, Russiýanyň Sosial ylymlar mekdebi Fransiýanyň meşhur Sorbonne uniwersitetinde işe başlady. Bu mekdebiň uçurymlary XX asyryň görnükli alymlarydy. Hut şu mekdepde rus sosiologiýasynyň esasy ýörelgeleri goýuldy. Hut şu ýerde dünýäniň ilkinji sosiologiki fakultetleriniň biri işledi. XX asyrda sosiologiýa giňeldi we ondan birnäçe ýöriteleşdirilen ugurlary ýüze çykdy. Olarda hukuk sosiologiýasyny, maşgala sosiologiýasyny, medeniýet sosiologiýasyny aýtmak bolýar.
Häzirki wagtda bu ylym dünýäniň köpsanly ýurtlarynyň bilim ulgamynda wajyp hünärleriň biri hökmünde seredilip, bu ugurda ökde hünärmenler taýýarlanylyp ýetişdirilýär. Russiýanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň sosiologiýa fakultetlerinde sosiologlar güni yzygiderli bellenilip geçilýär. Şeýle hem 14-nji noýabrda bu hünäriň wekilleri tarapyndan maslahatlar, mowzuklaýyn sapaklar we dürli bilelikdäki çäreleri geçirilýär.
Altyn BABYŞOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!