SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

13-nji oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, resminamalaryň terjimesi üçin  Makul Hyzmat Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 13-nji  oktýabrdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu gün hamallar diýseň ynandyryjy bolarlar. Olar islendik adamy öz ugruna çekip bilerler. Munuň üçin diňe özüne çekijilik we güýçli argumentler gerek. Birinjisinde hiç hili mesele bolmaz, ikinjisi bolsa, sizden birneme güýç talap eder. Zähmet çekiň we şeýlelikde maksadyňyza ýetersiňiz.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Sowurlar bu gün iň gowy häsiýetlerini görkezip biler. Bu gün hiç zatdan ýüz öwürmeli däl, esasanam täze we köp zähmet talap edýän zatlardan.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Jöwzalarda bu gün üýtgeýän ýagdaýlara çalt jogap bermek uky bolar. Bu diňe bir siziň ykbalyňyza däl, eýsem daş-töweregiňizdäkileriň geljegine-de bagly bolar.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu gün seretanlary goramaly bolar. Ýyldyzlar duýduryş berýärler: ýaltalykdan ýüz öwürseňiz, diňe töweregiňizdäkiler däl, eýsem özüňizem özüňize hormat goýarsyňyz.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Bu gün seretanlar maliýe meselesini tertipleşdirmeli bolarlar. Bolmasa, täze ýeňişleri meýilleşdirmegiň peýdasy ýok. Ilki bilen barlag, hyjuw, gaýrat gerek. Soňundan bolsa, degişli netijeleri görersiňiz. Belki, garaşylmadyk zadyňyza ýetersiňiz.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu gün sünbüleler öz kararlarynyň pidasy bolup biler. Ýalňyşlyklaryňyzy boýun almaga ýeterlik derejede batyrlygyňyz barmy? Bu barada gowy pikirleniň. Bu gün paýhaslylygy görkezmek maslahat berilýär.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Bu gün mizanlar özlerini hem geň galdyryp biler. Bu gün duýgurlygyň güýjüne doly boýun bolmak we ýüregiňiziň maslahatyna şertsiz eýermek maslahat berilýär.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu gün akraplar gerekli ýerde we gerekli wagtda bolarlar. Dogry, täze gelen pikirleri derrew durmuşa geçirmek mümkin bolmaz. Emma şu gün seresap boluň. Sähel ýalňyş hereket we nädogry aýdylan söz, ähli kynçylyklaryň ýüze çykmagyna sebäp bolar.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Bu gün kowuslaryň durmuşynda soňlugy bilen güýçli dostluga öwrülip boljak garaşylmadyk tanyşlyk açmaklygy wada berýär. Şonuň üçin aragatnaşykdan ýüz öwürmäň, hemmeler üçin açyk we arassa göwünli boluň.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu gün jediler möhüm zada karar bermeli bolarlar. Bu siziň geljegiňiz hakda bolup biler. Bir söz bilen aýdylanda, bu gün, ykbal bilen degişmäň – onuň siziň oýnuňyza düşünmezligi mümkin.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Bu gün daluwlara gaharlanmazlyk, tekepbir bolmazlyk, ýolbaşçylar bilen duşuşyk gözlemezlik we töwekgelçilik etmezlik has gowudyr. Umuman aýdanyňda, bu siziň üçin gaty aladaly gün bolar. Mümkin boldugyça günüňizi howpsuz etmäge synanyşyň.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu gün hutlar has köp bilime mätäç bolup bilerler. Käbir meselelerde ýeterlik derejede sowatlylyklarynyň ýokdygy sebäpli kösenip bilerler. Bu gün bilmeýän zadyňyzy soramaga utanmazlyk maslahat berilýär.

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama