Üns beriñ! Egerde araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, resminamalaryň terjimesi üçin Makul Hyzmat Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 11-nji oktýabrdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.
Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Islendik pudakdaky täzeliklerden gaça duruň. Çünki olar garaşylmadyk netijäni bermegi ahmal. Ähli dawaly mesleleri parahatçylyk ýoly bilen çözmeklik maslahat berilýär. Ýakyn adamlaryňyzyň kömegine, maslahatyna mätäç bolup bilersiňiz. Bu gün siziň ähli zada dogry baha berip bilmegiňiz zerurdyr.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Iş we öý aladalary sizi tutuşlygyna gurşap alar. Ýöne olar sizi çakdanaşa ýadatmaz. Bu gün sähelçe-de bolsa ynanmazçylyk edýän zatlaryňyz bilen meşgullanmaklyk maslahat berilenok. Saglygyňyza üns beriň. Eger mümkinçiligiňiz bolsa, ene-atalaryňyz, ýakynlaryňyz bilen wagtyňyzy geçiriň.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Iş bilen baglanyşykly ähli meslelerde özüňizi görkezjek boluň. Emma, ýoluňyzda geçip bolmajak diwaryň peýda bolýandygyny görseňiz, ony ýeňip geçjek bolmaň. Gowusy, öz güýjüňiziň ýetýän işi bilen meşgullanyň. Dawa-jedellerden gaça duruň. Energiýa taýdan güýçli adama garşy durmak siz üçin kyn, emma, mümkin bolar.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Ynam bilen saldamly işlere baş goşup bilersiňiz. Çünki siz olaryň ählisini-de başararsyňyz. Häzir size söýgi duşuşyklary we dynç alyş zerurdyr. Položitel emosiýalar size uly güýç berer. Şeýlelikde öz söýgüli adamyňyza ajaýyp pursatlary sowgat edip bilersiňiz
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Işiňizde çözülmesi kyn bolan meseleleriň ýüze çykmagy ahmal. Emma munuň üçin gynanmak we ejizlemek gerek däldir. Hasam beter gaharlanmaklyk we ýolbaşçylar bilen jedelleşmek maslahat berilenok. Häzir duşuşyklar, gezelenç we dostlar bilen wagt geçirmek üçin gowy wagtdyr.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Bu gün siziň öňüňizde biraz garşylyklaryň döremegi ahmal. Bir tarapdan, siz diýseň aktiw we üstünlik gazanmak üçin islegden doly bolarsyňyz. Emma beýleki tarapdan, gelýän teklipler siz üçin gyzyksyz bolup biler. Açyklyk, dogrusözlülik bu gün size peýda getirer.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bu gün siz özünizi gowy ýolgörkeziji hökmünde açyp görkezmelisiňiz. Öz diýeniňizi tutdurjak bolmaň, emma özüňize ýolbaşçylyk etmäge-de rugsat bermäň. Iş we şahsy gatnaşyklaryňyzy garyşdyrmajak boluň. Öňki tanyşlaryňyzy ýadyňyza salyň. Çünki olar diýseň peýdaly bolup biler.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Bu gün diýseň köp gepleşikler, gyzykly tanyşlyklar, adaty bolmadyk duşuşyklar garaşýar. Işewür şertnamalary baglanyşmaklygy meýilnamalaşdyryp bilersiňiz. Ýöne bu zatlardan çalt girdeji gelmekligine garaşmaň. Ýyldyzlar size ünsli bolmaklygy, ýedi ölçäp bir kesmekligi maslahat berýär.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Işjeň hereket etmegiň wagty geldi. Mundan öň orta-da atylmadyk, kyn meseleler bu gün aňsatlyk bilen çözgüdini tapar. Emma ýaltanmazlyk, diňe özüňe daýanmaklyk zerurdyr. Şahsy durmuşyňyzda kynçylyklar bolmaz. Ykbalyňyzy üýtgetjek duşuşygyň bolmagynyň ýa-da ozalky gatnaşyklaryň möwç almaklygynyň ähtimallygy uludyr.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Öz islegleriňiziň, arzuwlaryňyzyň ugrunda herket ediň. Ýyldyzlar size bu gün ýakynlaryňyzyň kömegini güwä geçýär. Professional durmuşyňyzda uly üýtgeşiklikleriň bolmaklygyna garaşylmaýar. Hemme zat öz ýerinde, yzygiderliginde dowam eder. Bu bolsa, häzirki wagtda diýseň gowudyr. Çünki ýyldyzlar size öňki dost-ýarlaryňyz bilen duşuşyklary taýynlaýar.
Daluw (gowa 21.01-20.02)
Dürli işleri amala aşyrmak üçin diýseň köp ruhy we fiziki güýjüňiz zerur bolar. Jogapkärçilikli kararlara gelmeli bolmagyňyz ahmal. Jedellerde kän bir görünmezligiňiz maslahat berilýär. Dükanlara, söwda merkezlerine gitmek bolsa, bu gün size diýseň uly şatlyk we lezzet berer. Ýöne bergi edinmekden gaça duruň.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Diňe položitel emosiýalary berýän işler bilen meşgullanjak boluň. Işgärleriňiz, dostlaryňyz we ýakyn adamlaryňyz bilen jedelleşmekden gaça duruň. Özüňiz bilmezden kimdir biriniň erbet göwnüne degmegiňiziň ähtimallygy uludyr. Sabyrly bolmagy başaryň.