DÜNÝÄ

1-nji aprel – Guşlaryň halkara güni

1-nji aprel Ýer ýüzünde guşlaryň halkara güni hökmünde bellenilýär. Guşlary goramak boýunça halkara konwensiýa 1906-njy ýylyň 1-nji aprelinde gol çekilipdi.

Bu baýramçylyk daşky gurşawy goramak babatda wajyp pikirleri wagyz etmäge bagyşlanýar. Ýer ýüzünde köp guşlaryň ýitip gitmegi bilen bagly meseleleri   çözmek babatda adamlaryň medeniýetini ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar.

ÝUNESKO-nyň ýörite maksatnamasynyň çäginde her ýyl Halkara guşlar güni bellenilýär. Bu günüň esasy maksady ýabany guşlaryň sanyny we köpdürliligini goramakdyr.  Halkara statistikalara görä, dünýäde guşlaryň 100 müňden gowrak görnüşi bar. Soňky ýyllarda dünýäde guşlaryň 200-300 töweregi görnüş ýitip gitdi.

Türkmenistan döwletimizde hem  ýurdumyzyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Guşlaryň halkara güni mynasybetli gurnan “Türkmenistanda guşlaryň köpdürliligi” atly sergisi geçirildi.

Guşlaryň baýramçylygy ilkinji gezek 1894-nji ýylda ABŞ-nyň Oýyl-Siti şäherinde bellenilýär we habar beriş serişdeleri arkaly bütin dünýäde giňden meşhurlyk gazanýar, soňra bu baýramçylyk Ýewropa aralaşýar hem-de häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlarynda bellenilýär.

Guşlaryň gününiň ýazda bellenilmegi ýöne ýerden däldir. Çünki ýazda olar höwürtgeleýärler, köpelýärler.

Ýene-de okaň

“Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny» atly maslahat geçirildi

Türkmenistan-Mongoliýa: parlamentara dostluk toparynyň ilkinji duşuşygy

Türkmenistan-Ýaponiýa: partiýalaryň arasynda hyzmatdaşlyk ýola goýlar

Türkmenistan bilen Ýaponiýa emeli aň hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Ses bermek dowam edýär

Ýewropa tarapy Türkmenistanyň ynsanperwer goldawyna ýokary baha berdi