SPORT

Žerar Pike futbol karýerasyny tamamlaýar

Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň goragçysy Žerar Pike futbol karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi. Ol özüniň jemgyýetçilik tory arkaly bu barada beýanat berip, ‘ol bir wagtda özüniň çagalyk döwründe futbolçy bolmagy arzuw edýän wideoýazgy hem ýerleşdiripdir.

– Siz janköýerler maňa köp zat berdiňiz. Indi meniň çagalyk arzuwlarym hasyl bolandygy üçin karar kabul etmek wagty geldi. Futbol ýoluny tamamlamak gerek. Meniň hemişe belläp geçişim ýaly, meniň üçin “Barselona” başga topar ýok. Şeýle hem bolar. Men şenbe güni “Kamp Nou” stadionynda soňky duşuşygymy geçirerin – diýip, Pike belläp geçdi.

Pikeniň aýtmagyna görä, 14 ýyl futbol oýnan “Barselona” toparynyň adaty janköýeri bolar we toparyna goldaw bermegi dowam etdirer.

Žerar Pike 5-nji noýabrda “Barselona” topary bilen “Almeria” toparynyň arasynda geçiriljek duşuşykda soňky oýnuny geçirer.

Pike “Barselona” topary bilen 8 gezek Ispaniýanyň çempiony boldy. Ol 7 gezek Ispaniýanyň kubogynyň hem-de 6 gezek Superkubogynyň eýesidir. Şeýle hem ol topary bilen 3 gezek Çempionlar ligasynyň we UEFA-nyň Superkubogyň eýesi boldy.

Ispan goragçysy “Barselona” toparynyň akademiýasynda 1997-2004-nji ýyllarda oýnady we soňra Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparyna gitdi we 2008-nji ýylda “Barselona” ýene-de gaýdyp geldi.

35 ýaşyndaky Pike “Barselona” toparynda 615 duşuşykda oýnap, 52 gezek tapawutlanypdyr.

Şeýle hem Pike Ispaniýanyň milli ýygyndysy bilen 2012-nji ýylda Ýewropa çempiony, 2010-njy ýylda bolsa, Dünýä çempiony bolupdy.

Ýene-de okaň

Ronaldo “Al-Nasr” bilen meýdança çykdy we gol geçirdi

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý

«Arkadag» futbol topary ýaş türkmen türgenleri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Messi ýoldaşlyk duşuşygynda “Barselona” gol geçirdi