DÜNÝÄ

Zambiýa we Angolanyň wekiliýetleri Türkmenbaşa gelerler

2025-nji ýylyň 3-nji awgustynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça geçiriljek üçünji BMG-niň maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Zambiýa Respublikasynyň wekiliýetiniň Türkmenbaşy şäherine gelmegine garaşylýar. Wekiliýetiň düzüminde ýurduň Ulag we logistika ministri Frank Taýali we beýleki ýokary wezipeli resmi adamlaryň bolmagyna garaşylýar.

Ýokary derejeli myhmanlaryň Türkmenbaşy Halkara howa menziline gelmegi we bu ýerde däp bolan türkmen myhmansöýerligine laýyklykda garşy alynmagy meýilleşdirilýär.

Zambiýa wekiliýetiniň foruma gatnaşmagynyň ählumumy gün tertibindäki möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna we halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna öz goşandyny goşjakdygyna ynam bildirilýär.

Şeýle hem 2025-nji ýylyň 3-nji awgustynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça geçiriljek üçünji maslahata gatnaşmak maksady bilen Angola Respublikasynyň BMG-däki Hemişelik wekili Kruz Fransisko Hose Danyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenbaşy şäherine gelmegine garaşylýar.

Angolanyň bu möhüm foruma gatnaşmagynyň deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin ähmiýetli boljakdygy şübhesizdir.

Ýene-de okaň

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi

Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň konwensiýalaryna goşular

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy