SIZDEN GELENLER

Zähmet okuwy – başarnygyň açary

Ýurdumyzda bilim syýasaty halkymyzyň ruhy durmuşynyň kämilleşmegine, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sagdyn kemala gelmegine gönükdirilip, döwletimizi ösdürmegiň berk hukuk binýady, kuwwatly hereketlendiriji güýjüdir. Häzirki wagtda milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň kanunçylyk binýadynyň berkidilmegine uly üns berilýär. 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny (rejelenen görnüşi) kabul edildi. Bu Kanun ýurdumyzda bilim ulgamynyň işiniň guralyşyny, bilim babatdaky gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýär. Şeýle-de bilim işini dolandyrmagyň guramaçylyk esaslaryny we döwlet bilim syýasatynyň ýörelgelerini, bu ulgamyň maksatlaryny, ýerine ýetirýän wezipelerini kesgitleýär.

Ýurdumyzda beýleki pudaklar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär, bu ugurda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen kanunçylyk namalary işlenip düzüldi we kabul edildi. Şeýle resminamalar milli bilim ulgamynyň hukuk binýadyny has-da berkitdi. Ýurdumyzda okuw möhletiniň dowamlylygy halkara ülňülerine laýyklykda kadalaşdyryldy, mekdebe çenli bilim edaralarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalary täzeden taýýarlanyldy.

Ýurdumyzda gurlup ulanmaga berilýän döwrebap bilim ojaklarynda ähli dersleri talabalaýyk geçmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şolaryň hatarynda zähmet sapagy hem bardyr. Zähmet mugallymy mekdep okuwçylaryny durmuşa, döredijilikli zähmet işine taýýarlaýar, olarda zähmet başarnyklaryny we endiklerini
kemala getirýär, zähmet, ahlak, gözellik terbiýesini amala aşyrýar, olary hünäre taýýarlaýar.
Mugallymyň taýýarlygy, onuň bilimi, işe gyzyklanmasy bu köp derejede okuw işini kämilleşdirmek meselesini üstünlikli çözmäge, ýurdumyzda ösýän ylmy-tehnikanyň talaplary, döwrebap ylmy ýörelgeleriniň we medeniýetiniň umumy derejesi bilen gabat gelmelidir.

Türk­men hal­ky ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri ça­ga­la­ry­nyň be­den taý­dan sag­dyn bol­ma­gy­na, ru­hu­be­lent ne­sil­le­riň ke­ma­la gel­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­rip­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýaş ne­sil­le­riň dün­ýä de­re­je­sin­de ylym-bi­lim al­ma­gy, hü­när öw­ren­me­gi üçin yzy­gi­der­li ala­da ed­ýär. Aý­ra­tyn hem, okuw­çy­la­ryň mek­dep par­ta­syn­dan baş­lap, eli hü­när­li bol­ma­gy ug­run­da ta­gal­la edil­ýär. Ýur­du­my­zyň umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­le­rin­de hem-de ýörite orta bilim edaralarynda he­re­ket ed­ýän zäh­met we gur­nak sa­pak­la­ry­nyň uly äh­mi­ýe­ti bar. Bu sa­pak­lar­da mekdep okuwçylarynyň hem-de ýaşlaryň jem­gy­ýet­çi­lik iş­le­ri­ne iş­jeň gat­na­şyk­la­ry­ny ga­zan­mak­da, el iş­le­ri­niň in­çe­li­gi­ne, ne­pis­li­gi­ne, ola­ryň ga­dy­my­ly­gy­na, mil­li­li­gi­ne bo­lan ukyp­dyr ze­hi­ni­ni, ba­şar­ny­gy­ny açyp gör­kez­mek­de, çe­per el­li gyz­la­ry ýü­ze çy­kar­mak­da uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Mek­dep­ler­de dür­li zäh­met gu­ral­la­ry, ti­kin ma­şyn­la­ry bi­len gur­na­lan ýö­ri­te synp otag­la­ry bar.

Zähmet okuwy beýleki dersler bilen bilelikde şahsyýetiň kemala gelmeginde, syýasy aňly-düşünjeliligiň terbiýelenmeginde, ýokary ahlak häsiýetleriň kemala gelmeginde möhüm orny eýeleýär.
Zähmeti okatmagyň usulyýeti dersiniň esasy meselesi geljekki mugallymlara okuwyň usullaryndan, tärlerinden, gurallaryndan nähili peýdalanmalydygyny öwretmekden ybaratdyr.

Yaş nesliň köpugurly zähmete taýýarlygynyň şertleri hem iri senagat önümçiliginde düzgünleşdirilýär. Şol esasda zawodlara, fabriklere gezelençleri guramaklyga, tejribe işleriniň dürli görnüşlerini geçirmeklige
uly üns berilmelidir.
Yaş nesli önümçilik zähmetine taýýarlamak işinde öňi bilen matematika, fizika, biologiýa we himiýa dersleri boýunça umumy hem-de tehniki bilimleri bermekligiň ähmiýeti uludyr. Bilim bermek bilen birlikde, politehniki başarnyk zähmet okuwynda iň möhüm orny tutýar. Syn etmek, enjamlara gözegçilik etmek, çyzuwlary we shemalary okamak, bejeriş işlerini geçirmek we ş.m. işler onuň wezipelerini düzýär.

Bilim ulgamyna kämil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy mugallymlaryň we beýleki bilim işgärleriniň işlerini guramakda netijeli bolup durýar. Bilim işgärleriniň jemgyýetdäki ornuny kanunçylyk namalary arkaly berkitmek hem ýokarda bellenilip geçilen we Kanunda beýan edilýän kadalar bilen berk baglanyşyklydyr.

Häzirki wagtda bilim ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, paýtagtymyzda, ähli welaýatlarda döwrebap çagalar baglary, mekdepler gurlup ulanmaga berilýär. Täze bilim edaralarynyň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy milli bilimiň hiliniň ýokarlanmagyna, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlaryň kemala gelmegine itergi berýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli, dünýä nusgalyk işleri rowaçlyklara beslensin!

Nöker Haşalow,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Iňlis diliniň ähmiýeti

Saglyk — bagtyýarlygyň gözbaşy

Iňlis dili – halkara dil

Ata Watan Eserleri

Magtymguly Pyragy — beýik hormata mynasyp ussat

Ýylymyzyň şygary — kalbymyzyň şatlygy

Magtymguly Pyragy – parahatçylyk şahyry

Ata Watan Eserleri