BILIM

«Ýylyň talyby-2023» bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda «Ýylyň talyby» atly bilim bäsleşigi geçirdi.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 5-nji ýyl talyby Gülnabat Saparowa her ýylky geçirilýän umumymilli bäsleşigiň çäklerinde «Ýylyň talyby» adyna mynasyp boldy – diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.
Eminler bäsleşigiň esasy tapgyrlarynyň biriniň çägindäki Saparowanyň çykyşyna mynasyp baha berdi. Ol taryh, medeniýet, edebiýat we sungat babatynda bilimleriň barlanmagyna bagyşlanypdy. Ykdysadyýet boýunça ýokary okuw mekdebiniň talyby şeýle hem iňlis dilinden synagy hem üstünlikli geçdi.
Çäre D.Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirildi. Eminleriň düzümine ýurdumyzyň görnükli alymlary we mugallymlary girdiler.
Geçen ýyl hem Gölnabat Saparowa bäsleşige gatnaşyp, üçünji ýeri eýeläpdi. Bu ýyl bolsa onuň üçin öndürijilikli boldy: ol ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän ders olimpiadasynyň ýeňijisi boldy, dürli neşirlerdäki ylmy makalalaryň awtory boldy, maslahatlara gatnaşdy. Bu we beýleki kriteriýalar hormatly ady almaga mümkinçilik berdi.

Ýene-de okaň

“Türkiye Bursları 2026” talyp haky maksatnamasy ýakynda başlaýar

Türkmen talyby GDA-nyň “Iň gowy talyby” diýlip yglan edildi

Türkiýede uniwersitetlerde üç aýlyk tomus dynç alşy ýatyrylýar

Türkmenistanda «durmuş gullugy» hünäri täze hil derejesine geçýär

Amerikada ýene bir mugt okuw :Fulbright Teaching Excellence and Achievement Programy

Ýyllyk kitap sergisi geçirildi