SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

Ýylyň täleýnamasy 2022-nji ýyl

2022-nji ýyl täleýnamanyň synlary. Bu ýyl hamal, sowur, jöwza, seretan, eset, sünbüle, mizan, akrap, kowus, jedi, daluw, hut ýyldyzy astynda doglanlara nämeler garaşýar?!

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Soňky döwürlerde yhlas eden zadyňyzyň indi möhüm däldigine düşünersiňiz. Psihologiki erkinlige eýe bolarsyňyz, özüňizi we gyzyklanmalaryňyzy diňläp başlarsyňyz. Töweregiňiz sosial taýdan üýtgäp biler. Bu barada çynlakaý alada edersiňiz. Emma maňa ynanyň, aladalaryňyz uly netije bermez!

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

2022-nji ýylda sowurlar ýolda bolar. Olaryň arasynda durmuşyňyzy dowam etmek üçin haýsy ýoldan gitmelidigini saýlamaga iki ugruňyz bolar. Bu ýerde “ýüregi eşitmek” ýa-da “beýnini diňlemek” ýaly kyn meselede saýlamaly bolarsyňyz. Haýsy karary bermek diňe siziň eliňizde, ýöne täze ýyl sizi hiç zada gynandyrmaga ýa-da ökündirmäge ýol berdirmez! Karýerada we hyzmatdaşlykda üstünliklere garaşyň.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Jöwzalar üçin bu ýyl saglyga şowlulyk getirer: bir ýyldan gowrak wagt bäri ýüze çykan ähli meseleler çözüler. Tutuş maşgalaňyza-da şol garaşýar. Saglyk bilen baglanyşykly meseleleriňiz hiç haçanam bolmadyk ýaly ýok bolup gider. Emma işde päsgelçilikler bolup biler: karýeranyň ösmeginiň we girdejiňiziň siz üçin näderejede möhümdigi hakda pikirlenmeli we iş ugruny üýtgetmegiň ähmiýetine düşünmeli.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Täze 2022-nji ýyl, diňe bir ajaýyp täze tanyşlyklary getirmek bilen çäklenmän, eýsem, sizi söýgi okuna tutar! Ömrüňiziň dowamynda eliňizden tutjak täze söýgini tapmaga ýa-da bar bolan öňki ýaryňyz bilen ähli kynçylyklary soňlamaga mümkinçilik bar. Häsiýetde üýtgeşmeler bolar: özüňiziň täze taraplaryňyzy açarsyňyz.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Esetler üçin 2022-nji ýyl işewürlikde we karýerada üstünlikli bolar. Maliýe piramidaňyz ähli üstünlikli taslamalardan ýarylar! Sizde dürli täze pikirler dörär. Olar bolsa töweregiňizdäkiler tarapyndan gowy garşylanar. Elbetde hünär basgançagynda ýokarlanmaga garaşyp bilersiňiz! Emma şol bir wagtyň özünde, bu üstünlikler durmuşyň beýleki ugurlarynda ýönekeýlige sebäp bolup biler, deňagramlylygy saklamaga synanyşyň.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Sünbüleler 2022-nji ýylda öz sözlerine we hereketlerine seresap bolmaly, sebäbi täze ýylda ýakynlaryňyza agyr degjek sözleri aýdyp bilersiňiz. Bu bolsa, dostlaryňyzyň azalmagy ýa-da ýalňyzlyk howpuny salýar. Daşky gurşaw baradaky pikiriňizi täzeden gözden geçirmeli, şeýle hem geçen ýylyň hereketleri barada pikirlenmeli. Şeýle-de bolsa, sizi ynandyrýarys: jikme-jik derňewiňizden soň, 2022-nji ýyl hökman size ajaýyp keýp we töweregiňizde mynasyp we duýgudaş adamlary berer.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Mizanlar, “durnuklylyk” 2022-nji ýyldaky esasy sözüňizdir. 2021-nji ýyldaky ýaly günleriňiz diýseň rahat we ýakymly geçer. Maşgalaňyz bagtly we sagdyn bolar, köne dostlaryňyz ýanyňyzda bolar, ýoldaşyňyz sizi söýer, siz bolsa ony söýersiňiz. Maddy meseläňiz hem kanagatlanardan-da ýokary bolar. 2022-nji ýyl – dynç almak ýyly bolar. Ynanyň, size beýle arakesme häzirki wagtda diýseň möhüm.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Akraplar şu ýyl täze zehinleri açmak hakda pikirlenmeli: belki aýdym aýtmagy we tans etmegi halaýansyňyz? 2022-nji ýylda üstünlige ýetmek barada çaklama pikirleri etmek bilen çäklenmäň we täze güýmenjä başlaň! Bu ýyl özüňizi çäklendirmäň, her pursatdan peýdalanyň! Belki, täze kärhanaňyz girdeji getirip, uly göwrümli işe öwrüler.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Kowuslar öz saglygyna üns bermelidir: 2022-nji ýylda bedeniňize aýratyn seresap bolmaly we ähli zerur lukmançylyk gözegçiliklerinden geçmeli. Çünki öň siz muny köplenç äsgermezlik edýärdiňiz. Bu ýyl dünýägaraýşyňyzy üýtgetmegiň wagty geldi. Şeýle-de bolsa, 2022-nji ýylda özüňizi hökman gowy duýjakdygyňyzy we ýakyn wagtda sizi hökman bagtly etjek ygtybarly hyzmatdaşyň peýda boljakdygyny kepillendirýäris!

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Jediler üçin 2022-nji ýyl garaşylmadyk wakalardan doly bolar. Üýtgeşmeler doly bolar. Şonuň üçin, täze başdangeçirmelere taýýar boluň! Bu ýyl telekeçilik, žurnalistika ýa-da dizaýn (arhitektura ýaly) ugurlar bilen gyzyklanyp bilersiňiz. Ynamly öňe gidip bilersiňiz, sebäbi size hökman goldaw beriler.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )

Daluwlar, 2022-nji ýylda maddy kynçylyklara sezewar bolup bilersiňiz. Şeýle-de bolsa, gaharlanmaga howlukmaň: olar wagtlaýyn we ýeterlik derejede güýç sarp etseňiz, “minusdan” birnäçe aýyň içinde “ýag plyusyna” ýetip bilersiňiz. Emma hereket etmeseňiz we hemme zady gözden geçirmeseňiz, bütin ýyl işsiz bolup bilersiňiz.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Balyklar üçin 2022-nji ýyl ykbalyň ajaýyp sowgatlaryndan doly bolar: size gyzykly syýahatlar we açyşlar garaşýar. Durmuşy täze bir görnüşde başdan geçirip, gözýetimiňizi giňeldip bilersiňiz. Hyzmatdaşlykda sazlaşyk bolar, ýöne karýeraňyza üns bermeli we gutarylmadyk meseleleri çözmeli. Galan zatlarda size üstünlikler we şowlulyklar garaşýar. Gözlegleriňizi dowam ediň we her bir meselede intuziazmyňyzy ýitirmäň.

 

2022-nji ýylda bize nämeler garaşýar?

 

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama