SPORT

Ýylyň suraty: Messi bilen Ronaldo täzeden duşuşdy

Çempionlar ligasynyň 6-njy tapgyrynyň çäklerinde G toparçasynda Lionel Messili “Barselona” topary bilen Kristiano Ronaldoly “Ýuwentus” topary özara duşuşdy. Bu iki toparyň duşuşygy dünýäniň 2 güýçli futbolçysy – Messi bilen Ronaldonyň nobatdaky duşuşygy boldy.

“Barselona” topary öz meýdançasynda “Kamp Nou”-da “Ýuwentus” toparyndan 3:0 hasabynda ýeňildi. Ronaldo 2 gezek 11 metrlik jeirme ugrularyndan tapawutlandy. Şeýle hem “Ýuwentus” toparynyň ýene-de bir goluny Makkenni öz adyna ýazdyrdy. Şeýlelikde, geçen tapgyrda her iki topar biň soňky tapgyra çykmaga hukuk gazanandygy üçin bu duşuşyk toparçadaky birinji orny kimiň eýelejekdigini kesgitledi. Ol hem “Ýuwentus” boldy.

Çempionlar Ligasynyň mundan ozalky Italiýadaky duşuşygyna Ronaldo koronawirus ýokanjyna uçrandygy sebäpli gatnaşyp bilmändi.

Lionel Messi bu duşuşykda 11 gezek garşydaş toparynyň derwezesine dürs urgular geçirdi. Hüjümçiniň ýokary derejedäki işjeň hüjümleri peýdasyz boldy.

Bu duşuşyk ýatda galyjy waka bilen netijelendi. Dünýäniň iki güýçli futbolçysy birek-birek bilen salamlaşyp, hatda gujaklaşdylar. Bu her iki futbolçynyň biri-biriniň arasynda bäsleşigiň ýokdugyny, özara hormat hem-de sylagyň bardygyny görkezdi.

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

 

 

Ýene-de okaň

Müsür dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyna eýe boldy

Aziýa Kubogy-2027: Türkmenistan Şri-Lanka bilen duşuşar

Ronaldo taryhdaky ilkinji milliarder futbolcy boldy

Türkmenistana GDA ýurtlarynyň III oýunlarynda ilkinji medaly boksçy Hangeldi Lukmanow getirdi

“Kaýrat” toparynyň derwezeçisine ýokary okuw mekdebinde okamak üçin grant gowşuryldy 

Türkmen samboçylary Indoneziýadaky dünýä çempionatynda 5 medal gazandylar