MEDENIÝET

Ýylyň iň gymmat surat eseri

Italiýaly suratkeş Sandro Bottiçelliniň çeken “Elinde medaly bolan ýaş oglan” atly suraty Nýu-Ýork şäheriniň söwda öýünde 92,2 million dollar satyldy diýip, “Sotheby’s” söwda öýüniň resmi saýty habar berýär. 1470-1480-nji ýyllarda döredilen bu ajaýyp surat, hünärmenler tarapyndan azyndan 80 million dollar baha bilen bahalandyryldy.

Bottiçelliniň suraty 2021-nji ýylynda söwda öýünde geçirilen ähli satuwlaryň rekordyny täzeledi. Suratyň öňki eýesi 1982-nji ýylda 1 million dollara satyn alandygyny habar berilýär. Soňky 50 ýylyň dowamynda bu surat London şäherindäki Milli galereýasynda, Nýu-Ýork ştatyndaky Metropoliten sungat muzeýinde, şeýle hem birnäçe iri sungat sergilerinde görkezilipdir. Bu suraty rus raýatynyň satyn alandygyny habar berilýär. Emma ol alyjy barada anyk maglumat görkezilmeýär.

Mundan öň suratkeş Bottiçelliniň “Madonna Rokfellera” atly suraty iň gymmat surat bolupdyr. Onuň bahasy takmynan 10,4 million dollara ýetipdir. 2020-nji ýylda söwda öýünde satylan iň gymmat sungat eseri, irlandiýaly suratkeş Frensis Bekonyň ýerine ýetiren “Triptih” atly üç çarçuwaly suraty bolupdyr. Ol geçen ýylyň iýun aýynda 84,5 million dollara satylypdyr.

Italiýaly suratkeş Sandro Bottiçelli barada gysgaça maglumat…

Sandro Bottiçelli – 1445-nji ýylyň 1-nji martda italiýanyň Florensiýa şäherinde dünýä inýär. Onuň hakyky ady Alessandro di Mariano di Wanni Filipeli bolup durýar. Ol 1462-nji ýylda şol döwürleriň ussat suratkeşleriň biri bolan Fra Filippo Lippiniň elinde tälim alýar, şeýle hem öz sungat işine başýar. Bottiçelli Galkynyş döwrüniň iň möhüm ussatlarynyň biri bolupdyr, Florentina surat mekdebiniň esasy wekili hökmünde hem tanalypdyr. Suratkeşiň ýerine ýetiren “Ýaz”, “Wenera we Mars”, “Weneranyň dogluşy” ýaly işleri suratkeşe üstünlik getiripdir.

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek medeni çäreler

“Euronews” Gazagystanda sebitleýin edarasyny açdy

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Possuk