DÜNÝÄ

Ýylyň iň beýik gökdiräni

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherindäki “Lahta Sentr” binasy “Emporis 2020” atly köp gatly binasy baýragyna mynasyp boldy. “Emporis” tarapyndan her ýyl iň oňat binagärlik taslamalary üçin baýrak berilýär.

Bu gezek dünýäniň iň beýik gökdiräni baýragyna Russiýanyň “Lahta Sentr” binasy mynasyp boldy. Ýewropanyň iň beýik binasy hasaplanýan bu merkez 87 gatdan ybarat bolup, beýikligi 462 metre deňdir. Köpleriň ünsüni çekýän bu merkez 16 müň aýna böleginden durýar.

Bu bäsleşikde ikinji orny Hytaýyň Pekin şäherindäki “Leeza Soho” binasy, üçünji orny bolsa ABŞ-nyň Nýu-Ýork ‘äherindäki “Hudson Yards” binasy eýeledi.

Bu gezekki bäsleşikde emin agzalaryna iň gowy köp gatly binany saýlamak aňsat düşmedi. Sebäbi bu ugur üçin 700-den gowrak hödürnama kabul edildi.

Şolaryň hataryndan saýlanan “Lahta Sentr” binasy beýikligi boýunça dünýäde 14-nji orunda durýar.

“Lahta Sentr” binasy jemgyýetçilik we işewürlik toplumy bolup, Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasynyň esasy edara merkezi bolar.

Toplum 5 desgadan ybarat bolup, umumy meýdany 570 müň inedördül metre barabardyr. Toplumyň umumy bahasy 120,7 milliard rubl (1,77 milliard dollar) diýlip çaklanylýar.

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi

Eýranyň ilçihanasynyň medeniýet merkezinde Gurhan sergisi we agzaçar çäresi geçirildi.

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjan bilen Türkmenistan atçylyk sporty boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdy

Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýewropa Parlamentiniň 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokio şäherinde geçirilen «Salgyt we ösüş» atly mejlise gatnaşdy

Russiýa Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýar