SPORT

Ýylyň boks tutluşygy Er-Riýadda geçiriler

Şu ýylyň 18-nji maýynda Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde ýylyň boks tutluşygy geçiriler. Köp wagtdan bäri garaşylyp gelinýän boks ýaryşy gurnalyp, onda ukrain boksçy Aleksandr Usik bilen Taýson Fýuri duşuşar. Bu iň agyr agramdaky dünýäniň absolýut çempionyny mälim eder.

bu boks tutluşygy barada eýýäm köpden bäri gürrüň edilip gelinýär. Ol birnäçe gezek yza süýşürildi. Türgenleriň şikesleri baha edildi.

Indi bolsa, 4 guşak boýunça dünýäniň absolýut çempionyny yglan etmek üçin hiç hili bökdençlik bolmaly däldir.

Usik hem-de Fýuri boks dünýäsiniň häzirki ägirtleri. Her iki boksçy şu wagta çenli ýeňilmän gelýär.

Şonuň üçin öňde ajaýyp boks tutluşygy bolar. Boks janköýerlerine ajaýyp boks pursatlary garaşýar.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady