SIZDEN GELENLER

Ýylymyzyň şygary — kalbymyzyň şatlygy

Ynha, ýene-de bir şanly ýyly şadyýanlyk bilen ugradyp, ruhubelentlik bilen täze «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny» garşyladyk. Tamamlanyp barýan ýyl ýakymly ýatlamalary bilen kalbymyzy joşduryp, gözümize has yssy-mährem görünýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly il-ýurdumyz üçin şowly ýyllaryň biri bolup, şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazyldy. Bu ýyl hem Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň il-ýurdumyzyň abadançylygy hem-de gülläp ösüşleri ugrundaky her bir aladasynyň ýerine düşýän ýyly boldy. Türkmen topragy ösüşleriň has belent derejesine ýetdi. Iň gowy ýeri, her kim öz bagtyny duýup ýaşap bilýär. Her kim wagtdan, döwürden garaşýanyna gowşup, parahat ýurdumyzda öz maksatlaryna ýetýär.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna beslenen şanly ýylda Diýarymyzyň çar künjeginde ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň ýokary depginde dowam etdirilmegi guwandyryjy wakalar boldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygyňyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýän bu şanly wakalar durmuşymyzyň, döwrümiziň bezegine öwrüldi.

Ýangyç-energetika toplumyna degişli iri taslamalar durmuşa geçirildi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi. Şeýle hem energetika, ulag-aragatnaşyk pudaklaryna degişli birnäçe iri desgalaryň açylyş we gurluşygyna badalga bermek dabaralary geçirildi.

Durmuş-ykdysady ösüş, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, dünýä ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmak ýaly ugurlaryň rowaçlanmagy hem bu gün milli ykdysadyýetimiziň tapawutlandyryjy häsiýetine öwrüldi. Şu ýylyň başyndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberiniň ýene-de 10 göterim ýokarlandyrylmagy bolsa ykdysady ösüşlerimiziň berýän guwandyryjy netijesidir.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamany biragyzdan kabul etmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilige, özara düşünişmäge esaslanýan daşary syýasatynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň beýany boldy.

Mälim bolşy ýaly, döwletimiziň bitaraplyk syýasaty ajaýyp zamanada has-da rowaçlanyp, halkara bileleşikde uly goldawa mynasyp bolýar. Häzirki wagtda dünýä döwletleri biziň ýurdumyzyň ählumumy parahatçylyga we howpsuzlyga hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasatyna uly hormat goýýarlar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary dünýä ýüzünde giň goldaw tapýar. Parahatçylygyň höküm sürýän ýerinde ösüşem bolýar, öňegidişligem. Eziz Diýarymyzyň ýylsaýyn gülläp ösmeginiň, dünýä döwletleriniň arasynda belent abraýa eýe bolmagynyň mysalynda bu hakykata aýdyň göz ýetirýäris.

Gadam basylan täze, 2025-nji ýyl halkymyzyň, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýedir. Bu ýylda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşen bagtyýar halkymyz baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny toýlar. Ata Watanymyzyň özygtyýarlygyny, berkararlygyny şöhratlandyrýan ajaýyp senäni mynasyp derejede dabaralandyrar, şanly ýyly ähli ugurlarda zähmet üstünligine beslär. Täze ýylyň şygary biziň watançylyk ruhumyzy has-da belende göterip, döredijilikli zähmete, beýik işlere hyjuw berýär.

Günça Amanowa,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 2NGPYD “A” toparynyň talyby.

Ýene-de okaň

Zähmet okuwy – başarnygyň açary

Iňlis diliniň ähmiýeti

Saglyk — bagtyýarlygyň gözbaşy

Iňlis dili – halkara dil

Ata Watan Eserleri

Magtymguly Pyragy — beýik hormata mynasyp ussat

Magtymguly Pyragy – parahatçylyk şahyry

Ata Watan Eserleri