Angliýa Gün panellerinden peýadalanmagy ilkinjileriň hatarynda kämilleşdiren döwletleriň biri. Ýöne adalardan ybarat döwletde Gün panellerini gektarlap meýdanlarda guramak üçin ýer darlyk edýär. Şonuň üçin iňlis alymlary çykalgany olaryň käbirini suwuň üstünde gurnamakdan gözlediler.
Taslama başa-da bardy. Ýüzýän Gün panelleri 200 wolta çenli elektrik energiýasyny öndürip bilýär. Bu bolsa ýakyndaky ekin meýdanlaryny elektrik energiýasy we ýagtylyk bilen üpjün etmek üçin ýeterlikdir.
Dogry, iňlis fermerlerine ýüzýän panelleri gurnamak birneme gymmada düşdi. Ýöne olar aňyrsy alty ýylyň içinde çykjadylaryň doly ýapyljakdygyna ynanýarlar.
Şeýle panelleri gurnaýan kompaniýanyň wekilleri olaryň suwa asla zyýanynyň ýokdugyny aýdyp, ähli fermerlere ýüzýän panellerden peýdalanmagy maslahat berýärler.
Ýeri gelende aýtsak, Ýaponiýanyň Osaka şäheriniň golaýynda hem ýüzýän panelleri gurnamak işine girişildi. Bu taslamanyň dünýäde iň uly ýüzýän Gün panelleri bolmagyna garaşylýar.
Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!