SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ýüzde guraklygyň, gijelewügiň dremeginiň sebäpleri

Elimiziň, ýüzümiziň guramaklygy köpümizi birahat edýär. Köplenç hem, sowuk howalar sebäpli üşän bedenimizde guraklyk ýüze çykyp, bedeniň gyzarmagyna , gaşanmagyna hem getirip bilýär. Bedenimizde guraklyk, gyzarmaklyk, gijelewük nähili ýüze çykýar?

Ýygy-ýygydan suwa düşmek bedeniň guraklygyna getirýär. Ýaşyň ulalmagy  bilen adam bedeninde ýuwaş-ýuwaşdan guraklyk ýüze çykyp başlaýar. Şeýle-de daş-töwerekdäki faktorlar sebäpli hem bedenimiz guramaga sezewar bolup biler, himiki arassaýlaýjylar, howanyň hapalygy, sabynlar, sowuk ýerler guraklygyň  esasy sebäpleriniň biridir. Şeýle hem gyzgyn suwda suwa düşmek zyýanlydyr.

Kömelek keselleri, aşa köp derman ulanmaklyk gijelewügiň döremegine sebäp bolup bilýär.Ýönekeý ýaly görünse-de belli bir keseliň döremegi bilen hem bedende gijelewük görlüp bilner.Gijelewügiň döremeginiň sebäpleri göz öňüne getirilende hassanyň ýaşy, peýdalanýan dermanlary, onuň suwa düşme ýygylyklary göz öňünde tutulmaly. Käbir dermanlar ters täsir etmegi bilen bedende gijelewük döremegine sebäp bolup biler.

Ilkinji äýnegiň döreýiş taryhy

 

Ýene-de okaň

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 1-nji iýuna çenli ýatyryldy

Aşgabat-Awaza ugry boýunça yzygiderli awtobus gatnawlary başlanýar