Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nebitgaz pudagynyň giň gerim bilen ösdürilýän hem-de onuň halkara energetika ulgamyna sazlaşykly goşulmagyna gönükdirilen energetika syýasatynyň yzygiderli we ynamly amala aşyrylýan ajaýyp döwrüdir. Arkadagly ajaýyp zamanamyzda bu ulgamyň ösüş depginini has-da ýokarlandyrmak we kämilleşdirmek ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak we pugtalandyrmak, täze energiýa ulgamlaryny döretmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan dünýä döwletleriniň arasynda özüniň ýangyja we elektrik energiýasyna bolan isleglerini öz hususy baýlyklary bilen doly kanagatlandyrýan hem-de onuň ep-esli bölegini daşary ýurtlara çykarýan ýurt hökmünde tanalýar. Biziň ýurdumyz milli we umumadamzat bähbitlerine özüniň ägirt uly energetika mümkinçiligini netijeli peýdalanmaga örän jogapkärli çemeleşmäge ygrarly bolup galýar hem-de bu ugurda anyk ädimleri ädýär. «Mawy ýangyjyň» gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri tebigy gazy dünýä bazarlaryna ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr.
Soňky ýyllarda döwrebap senagat toplumlary bolan Gyýanlydaky polimer zawody, Ahal welaýatynda tebigy gazy gaýtadan işläp, benzin öndürýän zawod we beýleki kärhanalar guruldy. Milli ykdysadyýetimiziň dünýä bazarlaryndaky ornuny pugtalandyrmak bilen, daşary ýurt pulunda goşmaça girdejileriň gelip gowuşmagy hem üpjün edildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň welaýatlarynda täze gazhimiýa toplumlaryny gurmak meýilleşdirilýär. Ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyş möçberi has-da artdyrylýar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen Hazaryň türkmen bölegindäki ýataklar özleşdirilýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy dowam edýär. Bu täze energiýa köprüsi tebigy gazymyzyň Günorta Aziýanyň iri ýurtlaryna uzak möhletleýin ugradylmagyny üpjün etmek bilen, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi, işewür hyzmatdaşlygyň, parahatçylygyň berkemegi üçin kuwwatly itergi bolar.
Türkmenistanyň senagat pudaklaryny, hojalyk düzümlerini has-da çalt depginler bilen ösdürmekde, jemagat talaplaryny doly kanagatlandyrmakda, milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny artdyrmakda nebitgaz pudagynyň hyzmaty aýratyn bellärliklidir. Şu nukdaýnazardan, bu ulgama döwlet tarapyndan möhüm ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigini ýurdumyzda ulanylýan, şeýle hem ulanylmaga berilýän täze önümçilik desgalary, welaýatlarda gurlup, işe girizilen döwrebap önümhanalar aýdyňlygy bilen subut edýär.
Şeýle-de ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek boýunça işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, energiýa serişdeleriniň daşary ýurtlara iberilýän ugurlarynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi netijesinde Türkmenistan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde halkara derejesinde eýeleýän ornuny has-da berkitdi. Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda uglewodorod serişdelerine baý bolan ýurdumyzyň tebigy baýlyklary bütin adamzadyň bähbidine gönükdirilýär.
Häzirki wagtda ýakyn we alys halklaryň ojaklarynda türkmeniň tebigy gazynyň alawlamagy, elektrik energiýasynyň ýagtylyk saçmagy doganlyk halklaryň ýüregini ýyladýar, kalbyny ýagtylandyrýar. Türkmenistan bilen goňşy döwletleriň arasyndaky serhet parahatçylyk we dostluk serhedidir. Netijeli ykdysady we medeni gatnaşyklar, özara bähbitli hyzmatdaşlyk giň gerim alyp, döwre laýyk gelýän görnüşde täze mazmuna eýe bolýar.
Şeýle hem energiýanyň daşky gurşawa zyýansyz, gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmagyň tehnologiýalaryny işläp düzmek ýurdumyzyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde öňde durýan möhüm wezipedir. Bu wezipä geljekde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde uly ornuň degişlidigini nazarda tutup, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda «Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýasy” kabul edildi. Strategiýany durmuşa geçirmegiň çäreleriniň hukuk esaslaryny berkitmek maksady bilen 2021-nji ýylyň 13-nji martynda «Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri hakynda» Kanun kabul edildi.
Nebitgaz toplumynda durmuşa geçirilen we amala aşyrylýan iri taslamalar, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň gurluşygy munuň aýdyň mysalydyr. Hormatly Prezidentimiz: «Günorta-Gündogar Aziýanyň iri ýurtlaryna «mawy ýangyjy» uzakmöhletleýin ugratjak täze energetika ulgamy sebitiň ykdysady taýdan ösmegine kuwwatly itergi berip, durmuş hem-de ynsanperwer häsiýetli wezipeleri çözmäge, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam eder» diýip belleýär.
Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň fewralynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň düýbüni tutmak dabarasynyň çäklerinde taslama gatnaşyjy ýurtlaryň Hökümetleriniň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçiriji ulgamy hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Ýurdumyzyň dünýäniň iri energetika döwletleriniň biri hökmündäki derejesi tebigy gazyň gorlaryna berlen baha bilen tassyklanýar. Ägirt uly «Galkynyş» gaz käniniň we beýleki birnäçe iri känleriň açylmagy bilen, Türkmenistan mawy ýangyjyň tassyklanan gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeläp, Aziýanyň gaz bazarynyň iri agzasyna öwrüldi. Bu gaz ýatagyny senagat taýdan özleşdirmek gaz pudagynda amala aşyrylýan iň iri möçberli taslamalaryň biridir. Bu ýerde önümçilik kuwwaty ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gaza barabar bolan zawodlaryň üçüsi işe girizildi.
Ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerine saldamly goşant goşýan nebitgaz ulgamy mundan beýläk hem goý, güllesin hem össün! Halk bähbitli, halkara ähmiýetli şeýle döwletli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Batyr Allanurow,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Geologiki kartalaşdyrma we magdan ýataklarynyň gözlegi hünäriniň 2-nji ýyl talyby.
