MEDENIÝET

Ýurdumyzyň Baş drama teatryna “akademiki” hukuk derejesi berildi

Şu gün geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky  baş drama teatryna “akademiki” hukuk derejesini bermek hakyndaky resminama gol çekildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň Baş drama teatryna “akademiki” hukuk derejesi berildi.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky  baş drama teatrynyň täze we dörebap binasy 2005-nji ýylyň oktýabr aýynda dabaraly ýagdaýda açyldy we  Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň  2006-njy  ýylyň 10-njy iýunyndaky 93g belgili buýrugy  bilen  «Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatry» diýip atlandyrylýar.

Teatryň täze binasynyň 1000  orunlyk  tomaşaçylar zaly bolup, dünýä ülňülerine gabat gelýän tehniki enjamlary artistleriň uly mümkinçiliklerden peýdalanyp işlemekleri üçin  amatly  şertleri döredýär.

 

Türkmenistan “EKSPO-2025” bütindünýä sergisine gatnaÅŸar

 

Ýene-de okaň

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi