BILIM

Ýurdumyzda ýene-de bir elektron žurnal dörediler

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde geçirilýän düýpli we amaly taýdan ähmiýetli ylmy barlaglar, “Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary” atly ylmy-amaly elektron žurnalyny döretmek boýunça geçirilýän işler barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak syýasatyndan ugur alnyp, häzirki wagtda oba hojalygy, lukmançylyk, derman, azyk we himiýa senagatlary, ekologiýa, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ýaly ileri tutulýan ugurlarda ylmy barlaglar alnyp barylýar.

Wise-premýer Ylmy parklaryň we innowasion meýdançalaryň halkara assosiasiýasynyň (IASP) Baş Assambleýasynyň şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilen 39-njy Bütindünýä maslahatynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezini bu assosiasiýanyň agzalygyna kabul etmek boýunça çözgüdiň kabul edilendigini habar berdi. Şeýle-de döwlet maksatnamalarynda bellenen wezipelerden ugur alyp hem-de türkmen alymlarynyň ylmy barlaglaryny halkara giňişlikde giňden wagyz etmek maksady bilen, hojalyk hasaplaşygynda işleýän Tehnologiýalar merkeziniň binýadynda “Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary” atly ylmy-amaly elektron žurnaly döretmek hem-de ony elektron görnüşde internet ulgamy arkaly ýaýratmak maksadalaýyk hasaplanýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyndaky alnyp barylýan işleriň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridigini aýdyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlarynyň we wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegini kesgitleýändigini nygtady.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary

Üsküdar uniwersiteti Türkmenistanyň sanawynda – amatly bahadan okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmen talyplaryna Italiýada talyp hakly okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň halkara abraýly uniwersitetleri : THE 2026 sanawy

Ata Watan Eserleri