BIZNES

Ýurdumyzda şalynyň ýokary hasyly öndüriler

Hormatly Prezidentimiz şu gün geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde ýurdumyzda 2021-nji ýylda şaly öndürmek hakyndaky Karara gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

2021-nji ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzda şalynyň ýokary hasylyny öndürmek babatda hasabat berildi.

Hasabatdan görnüşi ýaly, şu ýyl ýurdumyzda 18 müň 300 gektara şaly ekmek meýilleşdirildi we ondan 82 müň 400 tonna hasyla garaşylýar.

Daşoguz welaýatynda 8100 gektardan 35 müň tonna, Lebap welaýatynda bolsa 10 müň 200 gektardan 47 müň 400 tonna şaly hasylyny öndürmek göz öňünde tutulýar.

Bägül Maşadowa: Sungat bagynyň “Bägüli”

Ýene-de okaň

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy giňden belleniler

Türkmen – owgan gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşýar

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçiriler

Türkmenistanda tebigy gazyň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek üçin infrastruktura taslamasy amala aşyrylar

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işi kämilleşdiriler