Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, bu möhüm oba hojalyk möwsümi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy.
Döwlet Baştutanymyzyň 29-njy awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belleýşi ýaly, oba hojalyk pudagynda geçirilýän düýpli özgertmeler ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmaga, azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz gallaçylar üçin möhüm we jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişiniň ýetip gelendigini aýdyp, ekişi agrotehniki möhletlerde, guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Diýarymyzda 3-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge ak pata berip, zähmetsöýer gallaçylara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
WELAÝATLAR BOÝUNÇA BUGDAÝ EKIŞI BARADA…
Ahal welaýatynda täze ýylyň hasyly üçin welaýat boýunça 195 müň gektarda güýzlük däne ekmek we şol ýerden 400 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär. Möwsümde welaýat «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň ýerlerdäki önümçilik kärhanalarynyň ekiji tehnikalarynyň 320-den gowragynyň, daýhan hojalyklarynyň tehnikalarynyň onlarçasynyň hyzmatyndan peýdalanylar.
Şu ýyl Balkan welaýatynda «Alekseiç» we «Bezostaýa — 100» bugdaý tohumlary ekiler. Welaýat boýunça ýeterlik möçberdäki güýzlük bugdaý tohumlary irgözinden taýýarlanyp, etraplara paýlanyldy. Şu ýyl sebitde 50 müň gektar meýdana bugdaý tohumy ekilip, ondan 80 müň tonna guşgursak däne hasylyny ýygnamak göz öňünde tutulýar.
Daşoguz welaýaty boýunça ekiş geçirilýän 145 müň gektar meýdandan geljek ýylda 265 müň tonna bugdaý öndürmek göz öňünde tutulýar. Şunda dürli kysymly traktorlaryň 2300-si, ekiji tehnikalaryň hem 500-den gowragy bökdençsiz işlediler. Welaýatyň etraplardaky tehniki hyzmat edişi kärhanalarynda iş gurallary ýeterlik derejede taýýar edildi. Ekişi guramaçylykly geçirmek üçin welaýat boýunça ýörite toparlar döredildi, olar ähli zerur enjamlar we serişdeler bilen üpjün edildi.
Lebap welaýatynda 130 müň gektar meýdana bugdaý ekmek hem-de bu ýerden 310 müň tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar. Möwsümde bugdaý ekiji kämil tehnikalaryň 300-den gowragy işlediler. Welaýatda bugdaýyň «Bagtyýarlyk», «Sähraýy», «Berkarar», «Alekseiç», «Bezostaýa — 100», «Batko» hem-de «Kalym» ýaly sortlary ekiler.
Möwsümde Murgap jülgesindäki Mary welaýatynda 170 müň gektar meýdana güýzlük bugdaý ekiler. Welaýat boýunça galla ekişine ekiji enjamlaryň 270-den gowragy çykarylar. Ekişiň irki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegi maryly gallaçylara Watan harmanyna azyklyk gallanyň 345 müň tonnasyny tabşyrmak baradaky borçlaryna abraý bilen hötde gelmäge mümkinçilik berer.