JEMGYÝET

Ýurdumyzda güýzlük bugdaý ekişine badalga berler

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak boýunça welaýatlarda ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

Şu günler bugdaý ekiljek meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda tekizleýiş işlerini geçirmek, tagt we ýuwuş suwuny tutmak hem-de ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarydyr gurallaryny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şu möwsümde ýurdumyz boýunça bugdaý ekiji oba hojalyk gurallarynyň we traktorlaryň 1 müň 545-sini ulanmak göz öňünde tutulýar. Şolaryň bökdençsiz işledilmegi üçin etraplarda ýöriteleşdirilen abatlaýyş toparlary döredilýär.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, şol sanda oba hojalygynda oňat netijeleriň gazanylýandygyny aýtdy. Döwletimiz ekerançylaryň netijeli zähmeti hem-de olaryň oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekleri üçin ähli zerur şertleri döredýär. Ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyna gönükdirilen maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Daýhanlar ýokary hilli tohum serişdeleri, mineral dökünler, häzirki zaman tehnikalary, himiki serişdeler hem-de suw bilen ýeterlik möçberlerde üpjün edilýär.

Oba hojalygy pudagynyň ähli işgärleriniň we gallaçylaryň öňünde bugdaý ekişi ýaly örän wajyp hem jogapkärli möwsüm dur. Ony öz wagtynda we ýokary hilli hem-de guramaçylykly geçirmek dänäniň bol hasylyny almaga mümkinçilik berer. Döwlet Baştutanymyz bu barada aýtmak bilen, welaýatlarda güýzlük bugdaý ekişini 3-nji sentýabrda başlamaga ak pata berdi.

Milli Liderimiz halkymyzyň asylly däplerine eýerip, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda bu möwsüme girişmelidigini belläp, zähmetsöýer gallaçylara hem-de ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, bagtyýar we abadan durmuş, bereketli topragymyzdan bol hasyl almakda uly üstünlikleri arzuw etdi.

“Her bir dänäňiz müň bolsun, merdana gallaçylar!” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

 

“Türkmendokma” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredilýär

Ýene-de okaň

Türkmen kinosy Germaniýada görkezildi

Bosniýa we Gersegowina Türkmenistana täze ilçi belledi

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi