SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

ÝUNOPS-yň Türkmenistandaky ilkinji taslamasy

Türkmenstanyň paýtagty Aşgabatda wekilhanasy açylan BMG-niň Taslama hyzmatlary boýunça müdirligi (ÝUNOPS) ilkinji taslamasyny hem amala aşyrmaga girişdi. Bu barada BMG-niň bu abraýly düzüminiň wekilhanasynyň açylmagyna bagyşlanan dabarada bellenilip geçildi.

ÝUNOPS edarasy biziň ýurdumyzda ilkinji taslamasyny saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrar. BMG-niň bu düzümi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde “Türkmenistany lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek arkaly saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek” atly taslamany durmuşa geçirer.

Taslamanyň ýolbaşçysy Wasiliý Tolkaçew sagly ulgamynda amala aşyryljak taslama barada giňişleýin gürrüň berdi. Ýaponiýanyň hökümetiniň maliýeleşdirilmeginde amala aşyryljak taslamanyň çäklerinde ýurdumyzdaky 15 hassahana döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylar.

Umumy bahasy 2,8 million ABŞ dollaryna barabar bolan “Lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek arkaly saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek” atly taslamanyň çäklerinde saýlanan hassahanalar üçin lukmançylyk enjamlaryny satyn almak we üpjün etmek, şeýle hem mümkinçilikleri ösdürmek, logistika we dolandyryşy goldamak ýaly ugurlarda iş alnyp barlar.

ÝUNOPS-yň wekilhanasynyň açylmagy hem-de taslamanyň tanyşdyrylmagyna bagyşlanan dabaralara  BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysynyň wagtlaýyn ýerine ýetirijisi hanym Kristin Weýgand, daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew, BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň işgärleri, Ýaponiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň wekilleri, ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylan bu dabarasyna ÝUNOPS-yň köp ýurtly edarasynyň müdiri Freýa fon Groote hem onlaýn tertipde gatnaşdy.

 

BMG-niň Aşgabatda yene bir wekilhanasy açyldy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy

Awiasiýa howpsuzlygy üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy taýýarlandy

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersiteti ylmy elektron žurnal çap eder