Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri iş saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine baryp, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow gaznanyň alyp barýan işleri hem-de kömege mätäç çagalara berilýän lukmançylyk kömegi barada hasabat berdi. Bellenilip geçilişi ýaly, gaznanyň kömegi bilen hassa çagalara çylşyrymly operasiýalaryň geçirilendigi bellenildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde ýaşaýan we kömege mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmek boýunça işleriň meýilnamasy tassyklandy.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň BMG-niň ÝUNISEF guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan saglygyny dikeltmäge mätäç bolan çagalara berilýän lukmançylyk hyzmatlary we olaryň ýagty gelgeje bolan umytlaryny pugtalandyrmaga goşýan goşandy üçin Güwänama bilen sylaglanandygy bellenildi.
