SIZDEN GELENLERTESWIRLER

Ýük ulaglarynda paýlaýjylykdan kompaniýanyň prezidentligine

–Beh, ynanar ýaly däl. Şeýdip amerikan pasportynam aldyňyzmy?                              

–Hawa–la, ol wagta çenli bular ýaly zadyň bardygyny bilmeýärdim.

–Maşgalaňyzam bilenokdymy?

–Bilmeýärdi. Kakamyň işleýänligi üçin o ýerde doglupdyryn, 2 ýaşymda hem

gaýtdym. 16 ýyllabam gitmedim. Bir pursatda amerikan pasportly bolduk, onuň

bilen 2–3 hepdeläp amerikany gezdik. Täsirlendim.

–Niresinden? New–Ýorky  haladyňyzmy?

–New-Ýorkdan başga ýerde tanşymam ýokdy, aslynda. 55 ýyl bäri New-Ýorkda

ýaşaýan, merhum bolan agam–kakamyň dogany bardy, şol wagtlar 70 ýaşyndady.

Şoň ýanyna baraýyn, soňam görübererin diýip pikir etdim. Gulluk borjumy

tamamladym we jübimdäki 1000 dollar bilen Amerika gitdim, agamyň ýanyna. Iş

gözlemäge başladym.

–Näçenji ýylda Muhtar beg?

–1978. Özüm barada maglumatlarymy (SV) taýýarladym, bir ýerde ony 20 dollara

çap etdirdim. Banklara barýan, gürleşýän, SV berýän. Kiçiräk banklaň biri iş berdi,

“Gel, öwreniji bolup başla” diýdi.

Angliýada ekonomika, matematika okabam, ilkinji aýlygymy alsam, kärendesine

ýaşar ýaly jaý alaryn, agamyň ýanyndan göçerin diýip, arzuw etmek meniň üçin

örän üýtgeşikdi.

Bir günem The New York Times gazetinden “Coca–Cola dolandyryjy işgär alýar”

diýen bildirişi gördüm. Göreýin, bu kompaniýa niredekä, Atlantada eken. SV–mi

ugratdym “söhbetdeşlige gel” diýdiler. Şeýdip gitdim.

–O wagt bankdaky işiňizem dowam edýärmi?

–Edýärdi, bank maňa ýürekgysgynçdy.

Bardym Atlanta, söhbetdeşlikde “Ýük ulaglary sürmek üçin rugsatnamaň barmy”

diýdiler. “Ýok” diýdim. “Bizde ýük paýlaýjy bölümde işlemeli” diýdiler.

–Çyndanammy?

–Hawa, 1 ýyl ýük bölüminde işledim, paýlaýjy bolup.

–Gaty geň! Şu wagt pikir edýän häzirki käbir ýaşlara şeý diýsek: ilkä Londonda

ekonomikany we matematikany oka,  soňam gel bu ýerde ýük daşa diýsek…

–Kompaniýanyň ýük daşaýjy bölüminde işläp başlamagym  durmuşymyň iň

ýakymly pursadydy. Bu sebäpden henize–bu güne çenli dükanlar

aýlanmak hezil görýän zadym. Siz bilen duşuşmazymyzdan öň–düýn Kipre

gitdim, sagat 4–de bardym, birnäçe dükanlara aýlandym, kiçi dükanlara–da.

–Şeýdip ýük bölüminde ykbalyňyz üýtgedi, durmuşyňyz üýtgedi. Ýöne siz beýle

boljagyny hiç haçan pikirem eden dälsiňiz.

–Asla, asla…

Hiç kelläme gelmezdi. Şeýle çalt sarp edilýän haryt öndürijiliginde işlemegiň

näderejede tapawutlydygyna ilkibaşdan düşündim. Ýük ulaglarynda paýlaýjy

bolup Tehasyň bir obasynda işe başladym. Ondan soň Massakuste gitdim,

Bostonyň bir tarapyna…

– Uýgunlaşyp bilmezlik meseleleri bilen hiç hili gabatlaşyp görmediňizmi?

Nähilem bolsa keseki medeniýetler, del adamlar bilen gatnaşyklar…?

–Ýok, ýaşamadym. Aslynda, Amerikany tanamak üçin o ýerlerde işlemek gerek. Amerika:  New–Ýork, Atlanta, Çikago, Los Anjeles däl… adamlara bir meň adymy aýtmak kyn düşýärdi: Muhtar. Dükanyň eýesiniň ýanyna barýaň, elini gysýaň, gyzyl ýeňsiziň bar, haryt goýýan bölümiňi sazlaýaň, ondan soňam sag bol aýdýaň…

“Adyň näme?” diýenlerinde Muhtar diýýän. “O niräniň ady, ýene bir gezek gaýtala ýa–da Kente düşündim, Muhtara düşünmedim” diýýärler.

–Şol wagtlar edýän işiňiz bilen şowlulygyň arasynda gatnaşyklary ýola goýýadyňyzmy? Meýilnamalaşdyrmalar, strategiýalar…

–Ýok, asyl goýamok. Ilki aýlygym 987 dollardy, adaty däl ýagdaýda işimi

söýýärdim.

Edil şol ýerde kompaniýanyň içindäki gatnaşyklar ilkinji günden başlanýar. Her 4

aýdan soň Atlanta dolanyp, beýanlar ýazýaňyz, adamlar bilen ýüzbe–ýüz gatnaşyklary ýola goýýaň, gitdigiçe–de işiňe öwrenişýäň.

Bütin durmuşym boýunça ýük paýlaýjy bolup galmajagym barada umyt edýärdim

we hakykatdanam şeýle boldy. Bir ýyldan soň, marka toparyna geçdim.

  • O nähili boldy? Biri sizi çagyrdy–da: “Muhtar, mundan beýläk biz seniň şu ýerde işlemegiňi isleýäs” diýenden soň, öňe ilerlediňizmi?
  • Marka toparynda açyk hereket edýärler. “Biz seni şu ýere mynasyp görýäs, sen nähili pikir edýäň?” görnüşde gidýär. Dogrusy, Coca–Colanyň daşary ýurtlarda tanalýan kompaniýa bolmagy menem gyzyklandyrýardy. Soňra Italiýa ugradyldym. O ýerde–Rimde mahabat müdiri boldum.

Paýlaýjylykdan mahabat etmek işlerine çenli aralyk… Şeýdip hemmesini başdan öwrendiňiz?

–Hawa, edil özi. Ýöne bu işlerde bar zat ýeňil, tiz bolup geçýär.

Size görä tiz bolan ýalydyr. Hemme kişi siziň ýaly çalt öwrenişýän, ýeňil gopýan, öwrenmäge ýaltanmaýan bolman biler. Özüňiz daşary ýurtlular bilenem ýönekeý, sadalyk bilen gürleşýäňiz. Bu işleriň çäginde biznes syýasatlary, duzaklar, basdaşlyk bolanokmy?

(dowamy bar)

Ýene-de okaň

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury