Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) döwlet-hususy hyzmatdaşlygy mehanizmlerini ösdürmäge aýratyn üns bermek bilen, Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklaýar. Bu barada bankyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň baştutany Erik Liwni «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2026) atly halkara forumda eden çykyşynda belläp geçdi.
Bankyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň baştutany Erik Liwni bankyň bu formaty milli infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak we ykdysady ösüşi höweslendirmek üçin iň netijeli gurallaryň biri hökmünde görýändigini belleýär.
Halkara we ýerli işewürlik üçin öwlet-hususy hyzmatdaşlygy giň gerimli döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge gönüden-göni gatnaşmak üçin üýtgeşik mümkinçilikleri açýar. Bu nusga töwekgelçilikleri we serişdeleri döwlet bilen hususy sektoryň arasynda netijeli paýlamaga mümkinçilik berýän dünýä derejesinde ykrar edilen tejribedir.
Şeýle mehanizmleriň ornaşdyrylmagy daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge we ykdysadyýetiň esasy pudaklaryna döwrebap tehnologiýalary girizmäge ýardam edýär.
Türkmen gurluşyk kompaniýalary eýýäm bu ugry işjeň özleşdirip, döwrebap standartlar boýunça işlemäge taýýardyklaryny görkezýärler. ÝTÖB-niň howandarlygynda bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy ýerli işewürlige diňe bir uzak möhletleýin maliýe serişdelerine elýeterlilik bermän, eýsem halkara derejesinde bäsdeşlik ukybyny ep-esli ýokarlandyrmaga-da mümkinçilik berer.
Döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi ýurduň durnukly we diwersifikasiýa edilen ykdysady ulgamyny kemala getirmekde möhüm ädim bolar.
