BILIM

Ýokary okuw mekdepleriniň prorektorlaryny wezipä bellemek we boşatmak hakynda resminamalara gol çekildi

11-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň käbir ýokary okuw mekdepleriniň prorektorlaryny wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak hakynda Kararlara gol çekdi.

Hususan-da,

  • Derýaguly Hudaýgulyýewiç Rzaýew Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň bejeriş işleri boýunça prorektory wezipesine bellenildi.
  • Gurbanmyrat Sähedow, pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.
  • Güýçgeldi Garýagdyýewiç Hojamyradow Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesine bellenildi.
  • Ýazmyrat Baýrammyradowiç Rejepow Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ylmy-döredijilik işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.
  • Sähetmyrat Seýitmyradowiç Pürsüýew Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ylmy-döredijilik işleri boýunça prorektory wezipesine bellenildi.
  • Gurbansähet Amansähedowiç Gurbansähedow Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.
  • Peýzulla Rozbaýewiç Hydyrow, pensiýa gitmegi sebäpli, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.
  • Merdan Amanowiç Atabaýew Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň ylmy işler boýunça prorektory wezipesine bellenildi.
  • Gaýgysyz Annaçaryýewiç Ataýew Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.

Ýene-de okaň

TOHU-da «XXI asyr marketing» atly açyk sapak geçirildi

HNGU-da «Eksport – global bazarlaryň gapysy» atly açyk sapak geçirildi

Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaş boldular

Aşgabatda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça iş maslahaty geçirildi

Türkmen mugallymy Hytaýda türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri