BILIM

Ýokary okuw mekdepleri : 14 müň 337 talyp

Türkmenistanyň ýokary okuw we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek başlandy. Türkmenistan boýunça ähli ýokary okuw jaýlarynyň sanawy we olara resminamalar tabşyrmak boýunça gerekli maglumatlar boýunça Siz “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň degişli habaryna şu linkiň üstünden okap bilersiňiz.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň 3-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde Buýruga gol çekip, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine hem-de orta hünär okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça 2020-nji ýylda okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklady.

Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerine kabul etmegi şu ýylyň 6-njy iýulyndan 15-nji awgusty aralygynda guramak hem-de giriş synaglaryny okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerlerinde geçirmek tabşyryldy.

Täze okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerine 14 müň 337 talyp kabul ediler, bu bolsa geçen ýyldakydan 2 müň 95 adam köpdür. Orta hünär okuw mekdeplerine bolsa 9 müň 490 okuwçy kabul ediler.

Türkmen ýigitleri we gyzlary milli we dünýä ykdysadyýetiniň talaplaryna laýyk gelýän hünär endiklerini ele almaga çalyşýarlar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglarynyň geçişine jemgyýetçilik gözegçiligi amala aşyrylar. Şeýle hem ähli okuw mekdeplerinde sanly ulgam boýunça okuwlar guralar.

Ministrler Kabinetiniň şol mejlisinde döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylaryň öňünde anyk wezipeleriň ençemesini goýdy.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine hem-de orta hünär okuw mekdeplerine 6-njy iýulda badalga alan resminamalary kabul etmek meselesine gaýdyp gelmek bilen, giriş synaglaryny 22-nji iýul — 11-nji awgust aralygynda geçirmegiň tabşyrylandygyny bellemek gerek.

Mugallymçylyk, lukmançylyk we medeniýet ugurly orta hünär okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek 6 — 19-njy iýul aýralygynda, giriş synaglary bolsa, 22 — 29-njy iýul aralygynda guralar.

Şunda maliýe-ykdysady ugurlar boýunça orta hünär okuw mekdeplerine hem-de hojalyk hasaplaşygyndaky orta hünär okuw mekdeplerine resminamalar 8-nji awgusta çenli kabul ediler hem-de giriş synaglary 11 — 15-nji awgust aralygynda geçiriler.

Ýene-de okaň

«Bolaşak» maksatnamasy boýunça müňlerçe gazagystanly dünýäniň iň abraýly uniwersitetlerinde mugt okaýar

Pakistan türkmen talyplaryna talyp haky bermäge taýýar

Türkmenistan Hytaýyň Dýanszy uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan bilen Ýaponiýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde AQA Global wekiliýeti bilen duşuşyk

Mary welaýatynda täze çagalar bagy açyldy

Ata Watan Eserleri