SIZDEN GELENLER

Ýoganyň ähmiýeti

Ýo­ga – bu ga­dy­my­ýe­tiň jüm­mü­şin­de Hin­dis­tan­da ýü­ze çy­kan fi­zi­ki, psi­hi­ki we ru­hy maşk­dyr. “Ýo­ga” sö­zü­niň özi bol­sa, sansk­rit­çe “bir­le­şik” ýa-da “bag­la­ny­şyk” di­ýen ma­ny­ny ber­ýär. Şu gün­ki gün­de bü­tin dün­ýä­de ber­jaý edil­ýän we meş­hur­ly­gy has-da art­ýan ýo­ga­nyň bir­to­par gör­nüş­le­ri bar. BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy 2014-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da ýo­ga­nyň köp ta­rap­ly äh­mi­ýe­ti­ni yk­rar edip, 21-nji iýu­ny Hal­ka­ra ýo­ga gü­ni di­ýip yg­lan et­di.

Ýoga akyl we beden bitewiligini öz içine alýar; pikir we hereket; saklamak we ýerine ýetirmek; adam bilen tebigatyň arasyndaky sazlaşyk; saglyga we abadançylyga bitewi çemeleşmäge ýardam edýär, diýip lukmanlar belleýärler.

Kä­bir yl­my çak­la­ma­la­ra gö­rä, ýo­ga bi­ziň eý­ýa­my­myz­dan, tak­my­nan, bäş müň ýyl öň, şol döw­rüň pel­se­pe­çi­le­ri ta­ra­pyn­dan dö­re­dil­ýär. Mu­ňa il­kin­ji ýa­zuw ýa­dy­gär­lik­le­ri bo­lan hin­di­le­riň ke­ra­mat­ly ki­tap­la­ry ha­sap­lan­ýan, ga­dy­my hin­di di­lin­de ýa­zy­lan Wed­ler hem gü­wä geç­ýär. Ýo­ga aňyň, emo­sio­nal duý­gu­la­ryň we be­de­niň öz-özü­ni kä­mil­leş­dir­me­gi bi­len hä­si­ýet­len­di­ril­ýän ga­dy­my ul­gam, köpugur­ly dü­şün­je­dir. Onuň esa­sy mak­sa­dy ada­my ge­rek bol­ma­dyk ejir­ler­den hem-de oý-pi­kir­ler­dä­ki ter­tip­siz­lik­den ha­las et­mek­den yba­rat­dyr.

Ýo­ga be­de­niň, ak­ylyň we ener­gi­ýa­nyň öza­ra bag­la­ny­şyk­ly he­re­ke­ti­niň deňag­ram­ly­ly­gy­ny dö­ret­mek mak­sa­dy­na gul­luk ed­ýär. Şeý­le de­ňag­ram­ly­lyk üp­jün edi­le­nin­de aňyň ösü­şi­ne jo­gap ber­ýän mer­ke­zi nerw ul­ga­my­ny oýar­ýan im­puls­lar dö­re­ýär. Ýo­ga bi­zi gur­şa­ýan dün­ýä­ni ra­hat­lyk, asu­da­lyk ýag­da­ýy­na ge­tir­ýär. Ol adam­da hoş­ni­ýet­li ga­ra­ýyş­la­ry, tö­we­rek­dä­ki adam­la­ra söý­gi, kö­mek ber­mek is­leg­le­ri­ni, ýag­ny yn­san­la­ryň ara­syn­daky oňat gat­na­şyk­la­ry dö­red­ýär. Ýo­ga­nyň düý­bü­ni tu­tu­jy esa­sy dört gör­nü­şi bo­lup, olar Ka­ma, Bhat­ki, Jna­na we Ra­ja ýo­ga­la­ry­dyr.

Ýoganyň düzümine girýän maşklaryň aýratynlygy: olar özüniň hereketsiz häsiýeti bilen tapawutlanýar. Ýoga bilen meşgullanýan adam öz göwresini belli bir şekile getirýär-de, uzak wagtlap gymyldysyz oturýar. Şeýle ýagdaýda türgenleşýän adam ýa-da türgen «dogry» dem almak arkaly öz synalaryny sagdynlaşdyrýar. Demiňi endigan, howlukman almak gerek. Ýoga maşklary adamdan ýaramaz endiklerden doly arany açmagy, gündelik iýmitinde etli tagamlary ep-esli çäklendirmegi talap edýär. Şol bir wagtyň özünde beden synalarynyň arassa, tämiz saklanmagy ýoganyň öňe sürýän esasy talaplarynyň biridir.

Uzukjemal Işandurdyýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ talyby.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/turkmen-milli-kesdelerimiz/

 

 

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty