JEMGYÝET

Ýykylmagy hak edýärmi şol ene

Ir bilen okuwa gidip barýardym

Duşdym ýol ugrunda bir garry enä

Hasanaklap, haýdap ýöräp barşyna

Birden büdräp gitdi ol garry ene

 

Içini hümledip haýdap barşyna

Gören däldir ýatan ullakan daşy

Ony görüp pikir sardy başymy

Ýykylmagy hak etdimi şol ene?

 

Ýok, hak etmez ony hiçbir ene-de

Soraglar keserýär mende ýene-de

Hany nirde ogullary, gyzlary.

Şol tümlükde näme edýärdi ol ene?

 

Edil şol enäniň ýykylşy ýaly

Ýykylandyr ogullaram, gyzlaram

Ýöne ene ýüregi syzyp olary

Diýendir: “Wah balam näme boldy saňa?”

 

Emma bugün ýykylan çagalar däldi

Ýykylan mähirli ak saç enedi

Hol günjük balasyn bagryna basyp

Ogly, gyzy üçin bagryn gerendi

 

Serimde pikirler gelýär yzma-yz

Sygamok käwagt bu pany dünýä

Durmuş nädip beýle zalym bolýarka?

Düýn balasy üçin aglan şol enä

 

Ýalňyzlygy hak etmeýär şol ene

   Ýykylmagy hak etmeýär hiç ene

Ykbal duşuraýsa ýene şol enä

Gujaklap bagryma basardym menä

 

Hiçkim baky däldir pany dünýäde

Eneleň haklary ödenmez asla

Size ýüzlenýärin ogullar, gyzlar

Razy ediň eneleri dünýäde!

Öwezgeldiýew Atajan Öwezgeldiýewiç

 

Ýene-de okaň

Halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglanar

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy

Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,1 milliard dollara deň boldy

Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Eýran ynsanperwer kömek üçin Türkmenistanyň haýyr-sahawat gaznasynа minnetdarlyk bildirdi