Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly we öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň ähli ugurlar boýunça ösüş-özgerişli ýoluna giň mümkinçilikleri açýar. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp ýöredýän daşary syýasaty dünýäniň döwletleri bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolýar.
Türkmenistan döwletimiziň «Açyk gapylar» syýasaty goňşy we beýleki ýurtlar bilen ykdysady-söwda, medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň hili taýdan täze derejelere çykarylmagyna zerur şertleri döredýär.
Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşýän Türkmenistan döwletimiziň üstaşyr-ulag babatdaky mümkinçiligine uly orun degişlidir. Sebäbi, ýurdumyz sebitleri we yklymlary birleşdirýän çatrykda ýerleşmek bilen, ýükleriň daşalmagynda amatly mümkinçiliklere eýedir we olaryň uly geljegi şübhesizdir.
Şu ýagdaý göz öňünde tutulyp, ýurdumyzyň gümrük gullugynyň işi kämilleşdirilýär. Gullugyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar. Çünki, ýurdumyza gelýän we ýurdumyzdan üstaşyr dürli sebitlere geçip gidýän ýükleriň mukdary ýylsaýyn artýar.
Häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda önümçilige innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda uly ösüşleri gazanmaga itergi berýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna mümkinçilik döredýär. Ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan şeýle beýik maksatlar halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir.
«Türkmendeňizderýaýollary» tarapyndan 2023-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýük daşamagyň umumy mukdary 2022-nji ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 119,9% ösüş gazanyldy we 2 287,7 million tonna ýetdi. Umuman aýdylanda 2023-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýük daşamak boýunça Agentligiň meýilnamasy 122,3 % ýerine ýetirildi.
2023-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary boýunça ýük dolanşygy 709,741 mln.tn.km. boldy, bu görkeziji 2022-nji ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 121,8% ýokary we ýanwar-sentýabr aýlaryndaky ýük dolanyşyk meýilnamasy 228,0% ýerine ýetirildi.
Umuman, 2023-nji ýylyň dokuz aýynda Türkmenistanyň ulag pudagynyň ösüş depgini 123,3 göterime barabar boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen eziz Watanymyz dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine çykaryldy, kuwwatly milli ykdysadyýeti kemala getirmek babatdaky giň gerimli wezipeleriň üstünlikli çözgüdi esaslandyryldy. Ýurdumyzyň halk hojalygynda möhüm özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy, iri maýa goýum taslamalarynyň netijeli durmuşa ornaşdyrylmagy, şonuň bilen bir hatarda, önümçilikde ylmyň we tehnikanyň ýokary gazananlarynyň işjeň ulanylmagy milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň artmagyny şertlendirdi.
Häzirki wagtda milli ykdysadyýetde, ylymda we bilimde, saglygy goraýyşda, medeniýetde we beýleki pudaklaryň işlerinde bitirilen beýik işler ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşlerine kuwwatly itergi berýär, biziň her birimizi döredijilikli zähmete, uly üstünliklere ruhlandyrýar.
Berdimyrat Aşyrow,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.