DÜNÝÄ

YHG-niň 17-nji Sammitiniň çäginde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi

Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 17-nji Sammitiniň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammad Ishak Dar bilen duşuşdy.

Işjeň häsiýetli söhbetdeşligiň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we ösdürmegiň geljegi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleler boýunça hem pikir alyşyldy.

Taraplar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektroenergetiki we optiki süýmli aragatnaşyk ulgamy ýaly sebit taslamalarynyň ähmiýetini nygtadylar.

Şol gün Birleşen Arap Emirlikleriniň Senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri Soltan Ahmed Al Jaber bilen gepleşikler geçirildi.

Duşuşygyň çäginde taraplar energrtika ulgamynda, husasan-da gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokio şäherinde geçirilen «Salgyt we ösüş» atly mejlise gatnaşdy

Russiýa Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýar

Türkmenistan bilen Pakistanyň zenan parlamentarileriniň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy

BMG-niň Baş sekretary wezipesine ýene iki dalaşgär hödürlendi

Tramp içerki howpsuzlyk ministrini üýtgetmek kararyny mälim etdi

Türkmenistanyň ilçisi Ýewropa Parlamentinde brifing geçirdi